Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan TOT demirýolunyň birinji tapgyryny açdy


Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň 1-nji tapgyry açylyş dabarasyna gatnaşan türkmenistanlylar. 28-nji noýabr, 2016 ý.

Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň 1-nji tapgyry açylyş dabarasyna gatnaşan türkmenistanlylar. 28-nji noýabr, 2016 ý.

Şu gün, ýagny 28-nji noýabrda Aziýa halkara demir ýol gurluşygynyň 1-nji tapgyry açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hem Owganystanyň prezidentleri gatnaşdylar.

Owganystanly türkmen gyz okuwçylar demir ýolunyň ähmiýeti barada goşgy bilen çykyş etdiler.

Lajuwert diýlip atlandyrylan demir ýol geçelgesine Owganystanda uly ähmiýet berilýär. Bu ýol bilen Türkmenistan arkaly Ýewropa ýurtlaryna çykmaga mümkinçilik dörär diýen umyt bar.

Ymamnazar – Akgine böleginde üç kilometr töweregi demir ýoly Türkmenistan öz hasabyna gurup berdi. Muňa Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani öz minnetdarlygyny bildirdi. Bu demir ýolunyň Anthoý şäherine çenli ýetiriljegi aýdylýar. Soňra bu ýol Owganystanyň Gunduz welaýaty arkaly Täjigistana geçer diýlip umyt bildirilýär.

– Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda söwda aragatnaşygy ösýär. Demir ýol gurluşygynyň dowam etmegi bilen ykdysady gatnaşyk has hem öser diýip tama edýäris. Türkmenistan Owganystanyň ýakyn goňşusy we dostudyr. Türkmenistan Owganystanyň geljeginiň gowy boljakdygyna ynanýar. Owganystan Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasynda ykdysady çatryga öwrüler. Regionda ýerleşen ýurtlaram şol pursatdan peýdalanyp biler – diýip, prezident Gany aýtdy.

Prezident Aşraf Gani türkmen dilinde ýene şeýle diýdi:

– Bu gün biz taryhy ähmiýetli günüň şaýady bolduk. Ýaşasyn Owganystan – Türkmenistan dostlugy!

Aziýa ulag geçelgesiniň 1-nji tapgyrynyň açylmagynyň Owganystan üçin ähmiýetiniň uludygyny prezident G. Berdimuhamedow hem öz eden çykyşynda belledi. Owganystanda parahatçylygyň ornaşmagy boýunça Türkmenistanyň öz tagallasyny gaýgyrmajakdygyny prezident G. Berdimuhamedow öňe sürdi.

– Elbetde, bu iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy hasam işjeň alyp barmaga hem-de muny giňeltmek şertine-de öwrüler – diýip, prezident G. Berdimuhamedow aýtdy.

Aziýa halkara demir ýol ulag geçirijisiniň 1-nji tapgyry bolan bu ýoluň açylyş dabarasynda, Türkmenistanyň prezidentine Owganystanyň Wezir Muhammet Ekber han adyndaky döwlet sylagy gowşuryldy. Döwlet sylagynyň gowşurylandygy sebäpli türkmen prezidenti owgan prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG