Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kubalylar Fidel Kastronyň hormatyna dürli çärelere taýýarlyk görýärler


Kubanyň reowlýusion lideriniň portretiniň öňünde ýurduň baýdagy parlaýar.
Kubanyň reowlýusion lideriniň portretiniň öňünde ýurduň baýdagy parlaýar.

Kubalylar uzak ýyllaryň dowamynda ýurda ýolbaşçylyk eden Fidel Kastronyň hormatyna dürli çärelere taýýarlyk görýärler.

Öňki rewolýusion lideriň 90 ýaşynda aradan çykandygy 26-njy noýabrda bildirilip, ýurtda 9 gün resmi ýas yglan edildi.

1959-njy ýylda häkimiýet başyna gelen we ‘Kommunistik ada” ýurduna ýarym asyra golaý ýolbaşçylyk eden Kastronyň ýogalmagy sebäpli ýasa batan Kubada hökümet binalarynda baýdaklar ýarym aşak düşürilip, şatlykly çäreler, konsertler ýatyryldy.

27-nji noýabrda resmi taýdan geçirilen çäre bolmady, diňe Gawana uniwersitetiniň studentlerine Kastronyň portretiniň başynda şem ýakyp, gije şöwür çekmäge rugsat edildi.

Tussag edilen dissidentleriň aýallary tarapyndan ýekşenbe günleri paýtagtda geçirilýän protest ýörişleri hem ýatyryldy.

“Hiç bir adamynyň ölümini baýram edemzok”

“Hökümet muňa prowokasiýa diýip düşünmez ýaly biz bu gün ýöriş geçirmekçi däl. Goý, olar merhuma hormaty berjaý etsinler. Biz beýlekileriň ýasyny hormatlaýarys, hiç bir adamynyň ölümini baýram edemzok” diýip, “Ak geýnen aýallar” atly toparyň başlygy Berta Solar aýtdy.

Amerikanyň Maýami şäherinde sürgünlikde ýaşaýan müňlerçe kubaly we olaryň maşgalalary bolsa köçelere dökülip, Kastronyň ölümini baýram etdiler.

28-nji noýabrdan beýläk kubalylar merhumyň hatyrasyna gurnalýan çärelere we üýşmeleňlere gatnaşyp bilýärler. Gawananyň rewolýusiýa bulwarynda köpçülikleýin çäre geçiriler.

Kastronyň kremasiýa edilen jesediniň küli tutuş ýurda aýlanyp, 4-nji dekabrda gündogar şäher Santiago eltilip, şol ýerde ýerleşdiriler.

Kastronyň ölüm habaryna dünýäniň käbir ýolbaşçylary we tanymal şahsyýetler gynanç bildirdiler. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ony “Orsýetiň ak ýürekli we ynamdar dosty” diýip häsiýetlendirdi. Putin şeýle hem Kastrony “janaýamazlyk bilen öz ýurduna hyzmat eden, Kuba halkynyň söýgüsini, tutuş halkara arkalaşygynyň hormatyny gazanan watançy” diýip atlandyrdy.

“Fidel öz ýurduny güýçlendirdi”

Öňki sowet lideri Mihail Gorbaçewyň aýtmagyna görä hem “Fidel agyr basyş astyndaka, Amerikanyň iň bir ýowuz gabawyna garşy durup, öz ýurduny güýçlendirdi”.

Kastro dünýäniň dört künjegindäki çepçileriň hormatyny gazandy, olar oňa latyn Amerikasynda Birleşen Ştatlaryň agalygyna garşy duran, garyplara saglygy saklaýyş we bilim hyzmatlaryny beren we dünýä ýüzünde sosialistik hereketi hyjuwlandyran öňden görüji lider hökmünde seretdiler.

Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar we Günbatar döwletleri onuň režimini başgaça pikirlenýänlere zorlukly çemeleşmekde tankytladylar.

Amerikada prezident saýlanan Donald Tramp bir beýanatda Kastrony “zabun diktator” diýip atlandyrdy.

“Kuba totalitar ada bolmagynda galýar. Men şu günüň uzak wagta çeken elhençliklerden aýrylyp, Kuba halkynyň özüne mynasyp erkinlikde ýaşamagyna tarap edilen hereketi alamatlandyrar diýip umyt edýärin” diýip, Tramp aýtdy.

Kastronyň “ägirt täsiri”

Ýanwarda hökimiýet başyna geljek Tramp saýlaw kampaniýasynda Kuba barada berk pozisiýa tutdy. Ol Fidel Kastornyň dogany we prezident hökmünde onuň oruntutary bolan Raul Kastro “Kuba halkynyň dini we syýasy erkinligine ýol bermese, syýasy tussaglary boşatmasa”, Birleşen Ştatlar bilen ada döwletiniň arasynda dostlukly gatnaşyklary dikeltmek baradaky taryhy tagallalary togtatjakdygyny aýdyp haýbat atdy.

Amerikan prezidenti Barak Obama Fidel Kastronyň eden “ägirt täsirine” taryh baha berer diýdi.

Kastro Obamanyň üstümizdäki ýyl, ýagny bir amerikan prezidentiniň 88 ýyldan soňra ilkinji gezek Kuba eden saparyny görerçe ýaşady.

Anyk aýdylmadyk içege kesilinden ejir çeken Kastro 2008-nji ýylda häkimiýeti resmi taýdan Raula geçirdi. Ol bir partiýaly ada döwletine 47 ýyllap ýolbaşçylyk etdi.

Kastro ömrüniň soňky ýyllarynda döwlet mediasynyň pikir bölümi üçin makalalar ýazdy, ýöne jemgyýetçilige kän çykmady.

Kastronyň ölümi

Kastronyň ýolbaşçylygynda Kuba Amerikanyň weýrançylykly söwda embargosyndan aman galmagy başardy. Merkezi aňtaw gullugy ençeme gezek ony öldürmäge synanyşdy.

2014-nji ýylda Raul Kastro onlarça ýyla çeken duşmançylykdan soňra Birleşen Ştatlar bilen diplomatik gatnaşyklary dikeltmek boýunça ylalaşdy.

Kastronyň ölümi ýurtda krizis döreder öýdülenok. Sebäbi onuň dogany geçen on ýyllykda häkimiýeti öz elinde berk saklamagy başardy. Ol dessidentleri kontrollykda saklady, ykdysady reformalar çäkli alnyp baryldy.

Raul Kastro prezidentlik möhleti 2018-nji ýylda tamamlanan soň häkimiýet başyndan çekilmegi wada edip, birinji wise-prezident 56 ýaşly Miguel Diaz-Kaneli özüne ileri tutulýan oruntutar edip belledi.

XS
SM
MD
LG