Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat-Bişkek göni uçar reýsi ýola goýlar


Aşgabadyň halkara aeroporty

Aşgabadyň halkara aeroporty

Gyrgyzystanyň Transport ministrligi we Graždan awiasiýasy Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen Aşgabat-Bişkek-Aşgabat uçar reýsini açmak barada protokola gol çekdiler, diýip Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, media serişdeleri habar berdiler.

Bu ylalaşyga Gyrgyzystanyň resmi toparynyň durnukly transport sistemasy boýunça Aşgabatda geçirilen konferensiýada gol çekilendigi aýdylýar.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen bu halkara çäresine gatnaşan gyrgyz delegasiýasyna baştutanlyk eden birinji wise-premýer Muhammetkaly Abdulgaziýew öz ýurdunyň tranzit mümkinçiliklerine ünsi çekip, “Biz üçin halkara awtomobil we demirýol ýollarynyň ýaýbaňlanmagynyň uly ähmiýeti bar. Şeýle-de yzygiderli halkara tranzit gatnawynyň” diýdi.

XS
SM
MD
LG