Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine çagyryş etdi


Siriýadaky harabalyklaryň içinden geçip barýan ýaşaýjylar.

Siriýadaky harabalyklaryň içinden geçip barýan ýaşaýjylar.

Fransiýa Siriýanyň Aleppo şäherindäki ýagdaýlary maslahat etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini adatdan daşary ýygnagy geçirmäge çagyrdy.

Fransuz daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault (Jean-Marc Ayrault) 29-njy noýabrda eden çykyşynda sebitdäki güýçli çaknyşyklary we barha artýan gumanitar betbagtçylygy nazara alanyňda “biz duşmançylygyň soňuna ýetmek üçin zerur bolan çäreleri derhal görmelidiris” diýdi.

BMG-niň gumanitar kömek boýunça başlygy we koordinatory Stephen O’Brien hem 29-njy noýabrda Beýrutda çykyş edip, soňky birnäçe günüň dowamynda bolan çaknyşyklar sebäpli parahat ilatdan 16,000 çemesi adamyň başga ýere göçürilendigini we "olaryň aglabasynyň nätakyk we durnuksyz ýagdaýdadygyny” aýtdy.

28-nji noýabrda Siriýanyň hökümet güýçleri Aleppo şäheriniň günorta böleginde ýerleşýän we strategik taýdan ähmiýetli birnäçe etrabyň kontrollygyny gaýtadan yzyna aldy.

2011-nji ýylda Siriýada çaknyşyklar başlany bäri Aleppo prezident Başar al-Assada garşy söweşýän oppozisiýa güýçleriň iň möhüm şäher galasydyr we onuň kontrollygyny ele salmak hökümet güýçleri üçin örän uly ýeňiş bolar.

XS
SM
MD
LG