Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Çernobylyň täze galkanynyň ýerleşdirilmegine garaşylýar


Çernobyl ýadro stansiýasy.
Çernobyl ýadro stansiýasy.

Ukrainanyň Çernobyl ýadro stansiýasyndan radiasiýanyň syzmagynyň öňüni aljak uly desga 29-njy noýabrda soňky pozisiýasyna ýerleşdiriler.

Dünýäde bir ýerden başga ýere hereket etdirip bolýan iň uly desga, 1986-njy ýylda bolan heläkçilikden soň, halas ediş işgärleri tarapyndan ýadro stansiýasynyň dördünji reaktorunda ýerleşdirilen beton desganyň deregine goýlar.

108 metr uzynlygyndaky bu desga Birleşen Ştatlardaky Azatlyk heýkelinden hem has uzyndyr. Ýewropanyň Rekonstruksiýa we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilen bu desganyň bahasy 1,6 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Birleşen Milletler Guramasy 1986-njy ýylda bolan heläkçilik sebäpli gös-göni ýa-da radiasiýa bilen ilteşikli rak ýa-da beýleki keseller bilen näsaglan 4,000 çemesi adamyň ölendigini çaklaýar.

XS
SM
MD
LG