Sepleriň elýeterliligi

Kolumbiýadaky uçar heläkçiliginde onlarça adam öldi


Kolumbiýada saglyk işgärleri braziliýaly futbolçy San Juan de Diosy keselhana alyp barýarlar. 29-njy noýabr, 2016 ý.

Kolumbiýada saglyk işgärleri braziliýaly futbolçy San Juan de Diosy keselhana alyp barýarlar. 29-njy noýabr, 2016 ý.

Braziliýanyň futbol toparyny alyp barýan çarter ýolagçy uçary Kolumbiýada heläkçilige uçrady. Uçarda jemi 81 adam bardy.

Kolumbiýanyň resmileri uçar 28-nji noýabrda Medellin şäherinde ýere gaçan mahaly, 76 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Uçarda Braziliýanyň “Chapecoense” futbol topary syýahat edýärdi. Bu topar 30-njy noýabrda Günorta Amerika kubogyny almak ugrundaky jemleýji futbol duşuşygynda oýnamagy planlaşdyrýardy.

Şeýle-de, uçarda trenerler we beýleki işgärler bilen birlikde žurnalistler hem bardy.

Uçar heläkçiliginde halas bolanlaryň azyndan üç sanysynyň futbolçydygy aýdylýar.

Bu heläkçiligiň bolmagyna nämäniň sebäp bolandygy barada henize çenli anyk maglumat berilmeýär. Ýöne wakanyň bolan mahaly, howa şertleriniň ýaramazdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG