Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soralyşyk: Orsýetliler Günbatar bilen has gowy gatnaşyklary goldaýar


“Lewada merkezi” atly garaşsyz gullugyň logotipi.
“Lewada merkezi” atly garaşsyz gullugyň logotipi.

Günbatar bilen has gowy gatnaşyklary goldaýan orsýetlileriň sany 2015-nji ýylyň ortalary bilen deňeşdirilende ep-esli artdy.

29-njy noýabrda “Lewada merkezi” atly garaşsyz gullugyň ýaýradan pikir soralyşyk netijelerine görä, orsýetlileriň 71 prosenti Günbatar ýurtlary bilen has giň we ýakyn ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň bolmagyny isleýär. Bu görkeziji 2015-nji ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende 50 prosent ýokarlandy.

Şol bir wagtda, pikir soralyşyga gatnaşanlaryň diňe 17 prosenti Günbatar bilen gatnaşyklary çäklendirmegi goldady. Bu görkeziji geçen ýylyň iýul aýynda 37 prosente deň bolupdy.

XS
SM
MD
LG