Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti tussaglary köpçülikleýin amnistiýa etmegi teklip etdi


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew öz ýurdunyň garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli tussaglary köpçülikleýin amnistiýa etmegi teklip etdi.

Nazarbaýew bu teklibi 29-njy noýabrda gazak parlamentiniň aşaky öýüne ugratdy. Onuň gysga wagtda tassyklanmagyna garaşylýar.

Teklip edilen bu amnistiýa laýyklykda, zenan tussaglar, ýetginjek ýaşyna ýetmänkä jenaýat eden adamlar, 60 ýaşyndan ýokary erkek bendiler, maýyp tussaglar we beýlekiler türmeden boşadylar.

Günäsi geçiljek tussaglaryň anyk sany barada maglumat berilmeýär, emma olaryň müňlerçe bolmagyna garaşylýar.

Gazagystanda tussaglaryň köpçülikleýin amnistiýa edilmegi iň soňky gezek 2011-nji ýylda ýurduň garaşsyzlygynyň 20-nji ýyl dönümi mynasybetli yglan edilipdi we 27,000-e golaý bendi türmeden boşadylypdy diýip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” guramasy aýdýar.

Gazagystan 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda öz garaşsyzlygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG