Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç: Ýewromaýdanda ot açmak barada buýruk bermedim


Öňki ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç. 28-nji noýabr, 2016 ý.

Öňki ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç. 28-nji noýabr, 2016 ý.

Öňki ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç üç ýyla golaý mundan ozal Ukrainany bulagaýlyga salyp, özüniň ýurtdan gaçmagyna sebäp bolan gazaply demonstrasiýalarda protestçilere ot açmak barada polisiýa buýruk bermändigini aýdýar.

28-nji noýabrda Orsýetden berlen wideoşekilli beýanat 66 ýaşly Ýanukowiçiň 2014-nji ýylyň fewralynda onlarça adamyň başyna ýeten gazaply hereketler hakda Ukrainanyň bir suduna beren ilkinji görkezmesidir.

“Başdan tä soňuna çenli men gandöküşlige garşy durdum. Men bular ýaly buýruklary bermegi başarýan adam däl” diýip, Ýanukowiç ukrain kazyýetine aýtdy.

Ot açyp, 82 adamy öldürenlikde aýyplanýan bäş sany polisiýa ofiseriniň sud prosesinde şaýat hökmünde çykyş eden Ýanuwiç ýene şeýle diýdi:

“Men Maýdana ýygnanan adamlaryň bigünädigine ynanýaryn. Günäli olary manipulirlän radikallar we şeýle diýip aýdýan adamlar. Men halky öjükdirip, gandöküşlige getireniň şolardygyna şek-şübhe edemok. Şolar bolmadyk bolsa, Krymda we Donbasda häzirki ýagdaýlar bolmazdy” diýip, Ýanukowiç aýtdy.

Baş prokuror: Ýanukowiç dönüklikde aýyplanýar

Sud prosesi Ýanukowiçiň özi barada däl. Aslynda ol 25-nji noýabrda görkezme bermelidi. Ýöne milletçi “Sagçy sektor” atly topara degişli aktiwistler aýyplanýan bäş adamyň suda getirilmeginiň öňüni bökdänsoň, proseduralar yza süýşürildi.

28-nji noýabrda baş prokuror Ýuriý Lutsenko suda Ýakukowiçiň resmi taýdan dönüklikde aýyplanýandygyny aýtdy.

“Saňa dönüklikde, Ukrainanyň serhetlerini üýtgetmek maksady bilen Orsýetiň häkimiýetleriniň wekilleri bilen dil birikdirenlikde, Ukrainanyň konstitusiýasyny bozanlykda we agressiw urşa ýol berenlikde güman edilýär” diýip, Lutsenko aýtdy.

“Öz karýeram barada aýtsam. Ynanyň, ol wagtlar men öz karýeram ýa öz geljegim hakda asla oýlanmaýardym. Men diňe bir zat we bir maksat barada oýlanýardym. Ol hem öz watanym we meni demokratik ýollar bilen saýlan adamlar barada nädogry iş etmezlikdi. Men näme edýänimizi we näme üçin edýänimizi halka düşündirmek üçin elimden geleni etdim” diýip, Ýanukowiç aýtdy.

Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen bolan bir ylalyşygy togtadanyndan soňra 2013-nji ýylyň noýabrynda başlan protestlerde ýüzden köp adam öldi.

“Anti-terroristik operasiýany diňe mediadan eşitdim”

Öňki ukrain prezidenti 2014-nji ýylyň fewral aýynyň aýaklarynda ýurtdan gaçyp gideninden birnäçe hepde soňra, Orsýetiň ýaragly güýçleri Ukrainanyň Krym ýarymadasynda kontrollygy ele alyp, gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamaga başlady. Şeýlelikde dörän konfliktde 9600-den agdyk adam öldi.

Moskwa gozgalaňyň Günbatar tarapyndan gurnalandygyny aýdyp, Ýunukowiçiň oruntutary Petro Poroşenkonyň prezidentliginiň legitimligini sorag astyna alýar.

Häzir Orsýetde ýaşaýan Ýanukowiç barada ukrain resmileri adamlary köpçülikleýin gyranlykda derňew işlerini alyp barýarlar.

Ýanukowiç suda Garaşsyzlyk skwerinde bolan atyşygy öz hökümetini agdarmak üçin “gurnalan operasiýanyň” bir bölegi diýip atlandyrdy.

“Maýdan protestini ýatyrmak baradaky anti-terroristik operasiýany men diňe mediada berlen habarlardan eşitdim. Ondan ozal bu barada eşiden zadym ýok” diýip, Ýanukowiç aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG