Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Ysraýyl Damaskyň günbataryna raketa atýar


Ysraýylyň uçarlary
Ysraýylyň uçarlary

Siriýanyň döwlet mediasy Ysraýylyň uçarlarynyň Liwanyň howa giňişliginden Damaskyň günbataryndaky ýerleri nyşana alandygyny aýdýar.

30-njy noýabrda berlen habara görä, aýdylýan ýerlere iki raketa atyldy, emma pida bolan ýok.

Resmi SANA habar gullugy, ady aýdylmaýan harby çeşmä salgylanyp, ysraýyl raketalarynyň daňdan, Sabboura töwereklerine urlandygyny aýtdy.

«Bu hüjüm Siriýanyň harbylarynyň gazanan üstünliginden ünsi sowmak üçin edildi» diýip, ol aýdypdyr. Emma habar gullugy raketalaryň nämäni urandygyny aýtmady.

Ysraýyl bu habara bada-bat düşündiriş bermedi.

XS
SM
MD
LG