Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Jynsy kemsitmeler boýunça hasabat berýär


Buluç eneleri

Buluç eneleri

BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti 30-njy noýabr, 1-nji dekabr aralygynda Türkmenistanda bu ugurda edilen işler baradaky hasabaty diňleýär.

Türkmenistanyň hökümeti Ženewadaky duşuşykda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky konwensiýanyň talaplary boýunça, dört ýyl mundan öň beren hasabatyndan bäri eden işleri hakynda anyk hasabat berýär.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» topary, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy guramalary hem bu mesele boýunça alternatiw hasabat taýýarlap, Türkmenistanyň bu konwensiýanyň talaplaryny ýerine ýetirmekde, şeýle-de Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň ozalky beren rekomendasiýa-maslahatlaryny berjaý etmekde ýol beren esasy geleňsizliklerine ünsi çekdi.

Bu rekomendasiýalar Türkmenistanyň ilatynyň etniki düzümi barada ynamdar we hemmetaraplaýyn statistiki maglumatlaryň berilmezligini, türkmen häkimiýetleriniň etniki azlyklaryň hukuklaryny üpjün etmek, olaryň medeni aýratynlyklaryny saklamak we ösdürmek, kemsitmeleriň öňüni almak üçin anyk çäreleri görmezligini we beýlekileri öz içine alýar.

Adam hukuklary baradaky halkara hyzmatdaşlygy guramasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda etniki azlyklaryň wekilleriniň öz ene dillerinde bilim almak mümkinçiligi çäklendirilýär we başga milletden bolan studentler türkmen milli eşiklerini geýmäge mejbur edilýär.

Azatlyk radiosyna ýurt içinden berilýän habarlara görä, başga ýurtlardan türkmenistanla durmuşa çykan aýallaryň raýatlyk, çagalaryna dokument almagynda emeli kynçylyklaryň döredilýän halatlary hem az däl.

XS
SM
MD
LG