Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Aleppodaky krizisi maslahatlaşar


Aleppo edilýän agyr hüjümden golaýda 20 müňe çenli adam gaçyp çykdy.

Aleppo edilýän agyr hüjümden golaýda 20 müňe çenli adam gaçyp çykdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Aleppodaky krizis barada ýene bir adatdan daşary sessiýa geçirýär.

BMG-niň bir resmisi Aleppodaky ýagdaýy «dowzaha düşmäge» deňedi.

Siriýanyň Orsýetiň howa güýçleri tarapyndan goldanylýan hökümet güýçleri Alepponyň gündogar etraplaryny gozgalaňçy toparlardan yzyna almak üçin elde baryny edýär.

Halkara Gyzyl haç komiteti soňky 72 sagat içinde bu ýerlere edilýän agyr hüjümden 20 müňe çenli adamyň gaçyp çykandygyny aýtdy. Alepponyň gündogar etraplary dört aýdan gowrak wagt bäri hökümet güýçleriniň gabawynda galýar we halkara kömek fondlary azalyp, azyk-suwluk önümleri gutaryp barýar.

Bütindünýä Azyk programmasynyň sözçüsi Bettina Luesçer asuda adamlaryň «kem-kemden dowzah ýagdaýyna salynýandygyny» aýtdy.

Fransiýanyň BMG-däki ilçisiFrancois Delattre halkara jemgyýetçiligiň hereket etmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG