Sepleriň elýeterliligi

CIA: Eýran ylalaşygyndan ýüz öwürmek akmaklyk bolar


 Merkezi Aňtaw gullugyny direktory Jon Brennan

Merkezi Aňtaw gullugyny direktory Jon Brennan

CIA, Merkezi Aňtaw gullugyny direktory ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampa Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan ýüz öwürmegiň «heläkçilikli» we «akmaklygyň aňry başy» boljakdygyny duýdurdy.

"Men bu heläkçilikli bolar diýip pikir edýärin, bu hut şeýle bolar" diýip, BBC Jon Brennanyň 30-njy noýabrdaky söhbetdeşlikde aýdanlaryny sitirledi.

Eýrana garşy halkara sanksiýalary ýanwarda, dünýä döwletleri bilen bu ýurduň dawaly ýadro programmasyny jylawlamak barada baglaşylan ylalaşykdan soň, gowşadyldy.

Emma ýanwarda iş başyna geçýän Tramp Ak tam üçin saýlaw kampaniýasy mahalynda bu ylalaşygyň "elhenç" bolandygyny we diňe Eýrana peýdadygyny öňe sürdi.

Şeýle-de ol, eger prezident saýlansa, bu şertnamany «dyr-pytrak» etmegi wada berdi.

Emma muňa garamazdan, ol BMG-niň rezolýusiýasy tarapyndan berkidilen ylalaşygy ýatyrmagyň kyn boljakdygyny hem boýun aldy.

XS
SM
MD
LG