Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabatda Yslam Kerimowyň ady ebedileşdirilýär


Daşkentde gaýtadan gurlup, Yslam Kerimowyň ady dakylan metjit. 6-njy oktýabr, 2016

Daşkentde gaýtadan gurlup, Yslam Kerimowyň ady dakylan metjit. 6-njy oktýabr, 2016

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň ady ebedileşdirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üç aý çemesi ozal özbek kärdeşini soňky ýoluna ugratmaga baranda, Yslam Kerimowyň adynyň Türkmenistanyň çar künjeginde köçelere, skwerlere dakyljakdygyny aýdypdy.

Golaýda Türkmenistanda iş saparynda bolan özbek žurnalistleri merhum Yslam Kerimowyň adynyň dakyljak köçesine baryp, ýörite suratly reportaž taýýarladylar.

Kun.uz neşiriniň çap eden suratlarynda Yslam Kerimowyň adyny göterýän skwer, onuň heýkeli we alnyp barylýan gurluşyk işleri görkezilýär.

Özbegistana iki onýyllykdan gowrak ýolbaşçylyk Yslam Kerimow 2-nji sentýabrda ýogaldy.

XS
SM
MD
LG