Sepleriň elýeterliligi

"Türkmenistanda namaz okaýanym üçin işimden boşatdylar"


Illýustrasiýa

Illýustrasiýa

Türkmenistanda namaz okaýanlara we sakgal goýberýänlere garşy basyşlaryň dowam edýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Golaýda Türkiýä işlemäge gelen, howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmagyny islemeýän Türkmenistanyň owalky bir döwlet işgäri özüniň namaz okaýandygy sebäpli işden boşadylandygyny aýdýar.

Onuň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, işleýän döwlet gullugynyň ýolbaşçylary oňa birnäçe gezek namaz okamagy bes etmek barasynda duýduryş berýär. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri bolsa onuň öýünde nähili dini materiallaryň bardygyny we olaryň hatda nirede goýlandygyny aýdyp, haýsy dini topar bilen gatnaşyk saklaýandygyny soraýar. Ol özüniň ata-babalaryndan gelýän ýörelgelere eýerýändigini, haýsydyr bir dini topara agza däldigini, radikal dinçiler bilen gyzyklanmaýandygyny we olary oňlamaýandygyny aýdýar. Şonda-da, Türkmenistanyň howpsuzlyk işgärleri gysyşy dowam edýärler.

Organ işgärleri onuň öýünde barlag geçirip, Gurhan we beýleki dini kitaplary alyp, soňam onuň olary nireden alandygy barasynda ençe sagatlap soraga çekýärler. Howpsuzlyk gullugynyň işgäri oňa "Namazy goýmasaň işden kowarys we soňam basarys" diýip, haýbat atyp goýberýärler. Şondan soň ol diňe gijäniň ýarynda gizlinlikde namaz okamagy dowam etdirýär. Ýöne ony döwlet işinden kowýarlar. Ol güzeran aýlamak üçin, Türkiýä işlemäge gaýtmaly bolýar.

Azatlyk Radiosyna özüni Azat diýip tanadan türkmenistanly bir migrant bolsa, Türkmenistana giden mahaly Aşgabadyň aeroportundan başlap, tä oba barýança sakgaly sebäpli organ işgärleriniň häli-şindi saklap, sorag edip, ondan sakgalyny syrmagy talap edip, duýduryş berlendigini aýdýar.

"Ahyrynda etrabyň howupsyzlyk gullugynyň işgärleri meni äkidip, ‘Türkmenistan döwletiniň kada-kanunlaryny äsgermezçilikde aýyplap, üstüme gygyryp, sakgalymy zor bilen syryp goýberdiler. ‘Indi gaýdyp sakgal goýberseň seni basarys’ diýip haýbat atdylar. Ondan soň men eýdip-beýdip ýurdy terk etmeli diýen karara geldim we bir ýoluny tapyp, Türkiýä gaýdym. Indi hem yzyma dolanjak däl" diýip, başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimiýetleriniň hem namaz okaýan ýa-da sakgal goýberýän ýaşlary tutup, olara garşy dürli çäreleri görýändigi aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda palçylaryň we tebipleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, olar polisiýa merkezine alnyp gidilen mahaly, olaryň öýündäki Gurhan, beýleki namaz kitaplary we dini dogalardygy aýdylýan kitaplary hem polisiýa işgärleri tarapyndan alnypdyr.

Din bilen baglanyşykly basyş edilýändigi barasynda aýdylýan bu wakalar dogursynda Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklaryndan, şeýle-de Dini işler boýunça geňeşinden nähilidir bir maglumat ýa teswir almak başartmady.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dünýäde din azatlygy boýunça ýaýradylan ýyllyk hasabatda, Türkmenistanyň düýpli alada döredýän ýurtlaryň arasynda galmagy dowam edýändigi bellenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG