Sepleriň elýeterliligi

OPEC ylalaşygyndan soň nebit nyrhlary ýokarlanýar


Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih

Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih

14 agzaly OPEC nebit karteliniň ministrleri, nebitiň dünýä derejesinde kesgin gaçan bahasyny ýokarlandyrmak üçin,öz önümlerini günde 1.2 million barrel kemeltmek ylalaşygyna geldiler.

Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň 30-njy noýabrda gelen ylalaşygy ýanwardan başlap, karteliň günde öndürýän nebitiniň möçberini 32.5 million barrel aşak düşürer.

Bu ylalaşyk habary yglan edileninden soň 15 minut içinde nebitiň bahasy 8-den 9 prosente çenli ýokarlandy.

Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih Tährana öz nebit önümçiligini halkara sanksiýalaryndan ozalky derejesinde doňdurmaga rugsat beriljekdigini aýtdy.

Ol Orsýetiň we nebit karteline girmeýän esasy nebit öndürijileriň öz nebit önümçiligini günde 600 müň barrele çenli kemeltmäge razy bolandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG