Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Atambaýew ikinji möhlete galmajagyny aýdýar


Almazbek Atambaýew
Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew «Ala-Arça» döwlet rezidensiýasynda ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş edip, öňde duran saýlawlar, impiçment we irki parlament saýlawlary barada gürrüň etdi.

Şeýle-de ol Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň özünden ikinji möhlete galmagy sorandygyny, emma muny başarman diýendigini aýtdy.

«Men olara muny edip bilmejegimi düşündirdim, sebäbi häzir biziň halkymyz başga, olar kimi mynasyp bilseler, şony hem saýlarlar diýdim» diýip, Atambaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol Gyrgyzystanyň prezident saýlawlarynyň mynasyp we adalatly ýagdaýda geçiriljekdigini aýtdy.

«Ýokary Geňeşe geçirilen saýlawlardan soň ýeke miting hem bolmady. Elbetde, käbir raýatlaryň öz seslerini satýandygy barada faktlar bar, emma saýlawlar babatdaky ýagdaý indi tutuşlygyna öňküler ýaly däl» diýip, Atambaýew aýtdy.

Gyrgyz prezidentiniň metbugat ýygnagyna ýerli we daşary ýurt habar serişdeleriniň 165 žurnalisti akkreditasiýa edildi.

Salýanowa hakynda

Almazbek Atambaýew adamsynyň parahordygyny bilende, Aida Salýanowadan göwnüniň geçendigini aýtdy. Öz sözlerine görä, ol ozalky baş prokurora lükgeligi bilen ynanypdyr.

«Soň maňa onuň adamsynyň nähili para alýandygy baradaky materiallary getirdiler. Men bu barada tötänden, ozalky energiýa ministri Artykbaýew gelip, özleriniň TES-e kömür iberip bilmeýändiklerini, biriniň päsgel berýändigini aýdanyndan soň bildim. Görüp otursam, prezidentden hem beter gorkulýan adam bar eken. Ol Salýanowanyň adamsy bolup çykdy.Muny aýdamda, Salýanowa ony gorap başlady, ýagny onuň bähbitlerini döwlet bähbidinden ýokary goýdy. Men onuň bilen işleşip bilmezdim, emma onuň özi işden gitmek hakynda arza ýazdy» diýip, Atambaýew aýtdy.

"Gyrgyzystan indi başga ýurt"

«Gyrgyzystan meniň dolandyran 5 ýylymda düýpden başga ýurda öwrüldi, zeýrenmek aýyp bolar: hudaýyň we gyrgyz halkynyň kömegi bilen köp iş etdik. Iň esasysy – häzir ýurt 5 ýyl ozalkysyndan düýpden başga ýagdaýda. Elbetde, has köp iş edip bolardy, emma başky birki ýylda men ýurtda asudalygy gazanmaly boldum» diýip, ol aýtdy.

Gyrgyz lideri ýurduň kyn ýoly geçendigini belledi. «Emma esasy gazanylan zat – özümizi millet hökmünde saklamagy başardyk, halkyň ruhuny oýardyk. Elbetde, Bütindünýä çarwa oýunlary hem muňa ýardam etdi» diýip, Atambaýew belledi.

Almazbek Atambaýew impiçment baradaky soraga jogap berip, bu inisiatiwa çynlakaý garamandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bularyň hemmesi, gamgyn diýmeseň, gülkünç bolardy.

Prezident «Megakomyň» bahasynyň her gün diýen ýaly peselýändigini aýtdy.

«Döwlet emläkleri baradaky fond kompaniýalary satmak boýunça ýeterlik iş geçirmeýär. Bir ýolbaşçyny beýlekisi bilen çalşyrdym, emma netije ýok. Olam gidip barýarka irkilýär. Meniňçe, premýer «Megakomy» ýerlejek mynasyp adamy tapmaly. Bize ýollary gurmak üçin pul gerek. Gelejek başga ugurlarda. Baryp Sariýewiň hökümetine «Megakomy» satmak tabşyrylypdy, emma käbir syýasatçylara populizm bilen meşgullanmak ýeňilräk» diýip, prezident aýtdy.

Daşary syýasat barada

"Uly dogan" syýasaty indi Gyrgyzystan babatynda bireýýämden bäri kabul ederlik däl diýip, Atambaýew aýtdy. Onuň pikiriçe, Gyrgyzystan ähli ýurtlar bilen ynam we sylanşyk esasynda gatnaşyk gurýar.

"Hawa, biziň strategiki partnýorlarymyz bar -olar Orsýet we beýik Hytaý. Olaryň birinjisi bilen biziň taryhy baglanyşyklarymyz bar we biz muny ýatdan çykaryp bilmeýäris. Hytaý Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegi bilen gyzyklanýar, sebäbi bizde bir zat bolsa, bu derrew Sinjianda-da bildirer. Bu Hytaýa gerek däl. Elbetde, türki dilli ýurtlar biz bilen gyryndaş. Emma kimdir birleriniň «uly dogan» hökmünde haýsydyr bir düzgünleri öwretmegine ýol bermeris. Biz ýurdy diňe öz bähbitlerimize laýyklykda ösdüreris" diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Ol syýasy planda Strategiki Gyrgyzystana Ýewropanyň syýasatynyň golaýdygyny aýtdy.

"Biz parlament dolandyryşyny gurýarys we geljekde hem muny berkideris" diýip, Atambaýew belledi.

Prezidentirki parlament saýlawlaryna garşylygy barada aýdyp, her bir döwlet organynyň konstitusion möhletiniň işlenip düzülmelidigini belledi.

"Eger biz Ýokary Geňeşiň häzir saýlawlaryny geçirsek, şol bir parlamente eýe bolarys. Häzir möhüm kanunlary kabul etmek wajyp. Şolaryň biri hem berk sanawlar hakyndaky kanun. Häzir partiýalar saýlawdan öň bir sanaw görkezýär, soň başga deputatlar bilen gelýär. Bu saýlawçyny aldamak bolýar. Şol bir wagtda Ýokary Geňeş öz abraýy hakynda oýlanmaly" diýip, Atambaýew belledi.

Mundan ozal Almazbek Atambaýewiň prezidentlikden soň premýer-ministriň wezipesini eýelejekdigi barada gürrüňler ýaýrapdy. Emma Atambaýew aýdym-saz bilen meşgullanjakdygyny aýdýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG