Sepleriň elýeterliligi

ÝB, Türkmenistan hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Türkmen DIM-iniň başlygy R.Meredow Brýusselde ÝB duşuşygyna gatnaşýar.

Türkmen DIM-iniň başlygy R.Meredow Brýusselde ÝB duşuşygyna gatnaşýar.

Türkmenistanyň delegasiýasy Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky Söwda we hyzmatdaşlyk şertnamasy esasynda ÝB-Türkmenistan komitetiniň 16-njy maslahatyna goşuldy diýip, Türkmenistan.ru saýty habar berýär.

Duşuşyk mahalynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça giň meseleler tapgyryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaý, konstitusiýa we sosial özgertmeleri, ÝB programmalarynyň tehniki proektlerini Türkmenistanda durmuşa geçirmek, Ýewropanyň gaz üpjünçiligini türkmen gazy arkaly diwersifikasiýa etmek mümkinçilikleri we beýleki meseleler barada maslahat edildi diýip, habarda aýdylýar.

Taraplar bilelikdäki komitetiň 17-nji duşuşygyny geljek ýyl Aşgabatda geçirmegi karar etdiler.

XS
SM
MD
LG