Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýurt kynçylyklardan üstün çykmaga taýýar diýýär


Dükanda TW-den W.Putini diňleýän adam
Dükanda TW-den W.Putini diňleýän adam

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Kremlde parlamentiň we hökümetiň goşma sessiýasynda ýyllyk çykyşyny edip, ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmäge taýýardygyny aýtdy.

"Biz bir bitewi, birleşen halk” diýip, Putin 1-nji dekabrda aýtdy. Ol ýurt boýunça ýokary tehnikaly medisina hyzmatynyň hiliniň gowulandyrylandygyny, emma saglygy saklaýyşdaky problemalaryň saklanyp galýandygyny aýtdy.

Prezident resmileri özara karar kabul etmän, jemgyýetçilik bilen maslahatlaşmaga hyjuwlandyrdy, regionalliderleri bolsa, sosial programmalary durmuşa geçirmek üçin, hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalaryny ulanmaga çagyrdy.

Putin içerki meseleleriň, şol sanda bäsdeşligiň ýoklugynyň ýurduň ykdysadyýetini bökdeýän esasy problema däldigini aýtdy.

Dünýäniň iň uly energiýa eksportçysy bolan Orsýet, nebit bahalarynyň peselmegi we Ukrainadaky hereketleri sebäpli girizilen halkara sanksiýalary zerarly düşen ykdysady çökgünliginden çykmaga çalyşýar.

Putin Günbataryň girizen sanksiýalary «il içinde aýdylyşy ýaly, olaryň bize öz tanslaryny etdirip, milli bähbitlerimizden daşlaşdyrmak synanyşygy» diýdi.

Ol Moskwa halkara terrorçylygyna garşy göreşde Günbatar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar diýdi.

XS
SM
MD
LG