Sepleriň elýeterliligi

Rus aktiwisti Ildar Dadin kameradan çykmasyz edildi


Rus aktiwisti Ildar Dadini goldaýan protestçi, Sankt-peterburg, 20-nji noýabr, 2016.

Rus aktiwisti Ildar Dadini goldaýan protestçi, Sankt-peterburg, 20-nji noýabr, 2016.

Tussag edilen we türmede gynalandygyny aýdan rus aktiwisti Ildar Dadiniň aýaly türmä baryp göreninden soň, adamsynyň kamerasyndan hiç ýere çykarylmaýandygyny aýdýar.

Anastasia Zotowa 1-nji dekabrda feýsbukda Kareliýadaky ombudsmana hat ýazdy.

Onuň adamsy şol ýerde 2.5 ýyl tussaglygyny geçirýär. Ombudsman Dadiniň, «başga tussaglar bilen urşandygy» üçin, türmäniň içinde alty aýlyk ýapyk düzgünli (PKT) tussaglyga geçirilendigini anyklady diýip, Zotowa ýazdy.

PKT tussaglaryň hemişe diňe öz kamerasynda saklanylmagyny talap edýän türme düzgüni. 34 ýaşyndaky Dadin birden artyk ygtyýar berilmedik proteste gatnaşany üçin, şu kanun esasynda ilkinji tussag edilen aktiwist bolup durýar.

XS
SM
MD
LG