Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda aýal-gyzlar zorluk astynda galýar


Owganystanly zenan, oktýabr, 2016.
Owganystanly zenan, oktýabr, 2016.

Demirgazyk Owganystanda aýal-gyzlaryň gynalmagy artdy. “Aýal-gyzlar jynsy zorluga duçar bolýarlar, maşgala gynamalaryna-da duçar edilýär” diýip, aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny goraýjy guramalar mälim edýärler.

Owgan türkmenleriniň arasynda hem aýal-gyzlara artykmaç azar berilýär. Aýal-gyzlar öz janyna kast etmäge mejbur bolýarlar.

Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň aýallar guramasynyň başlygy, hanym Nejibe Kuraýşynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmenleriň arasynda gyzlar ýaş durmuşa çykarylýar. Ýaş gyzlar özünden ençeme ýaş uly goja adamlara äre berilýär.

Ýaş gyzy özünden ula berýärler

“16-15 ýaşyndaky gyzy 50 ýaşyndaky adama berýärler. Şeýle 87 waka biziň edaramyzda hasaba alyndy. Ýaş gyzlary zordan durmuşa çykarmak gadagandyr. Şoňa garamazdan obalarda gyzlar islenmedik adama durmuşa çykarylýar. Has dogrusy, gyzlar pula satylýar” diýip, hanym Nejibe gürrüň berdi.

Jöwüzjan welaýatynyň on etraby bar. Welaýatyň sekiz etrabynda türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar.

Türkmen obalarynda öz janyna kast edýän aýal-gyzlaryň sanynyň köpelýändigini hanym Nejibe belledi.

Halyçy zenanlar çagalaryna tirýek berýär

Owgan türkmenleriniň aglabasy halyçylyk bilen meşgullanýar. Halyny köplenç aýal-gyzlar dokaýar.

Hanym Nejibäniň sözüne görä, halyçy aýal-gyzlar öz çagalaryna tirýek berýär. Haly dokaýarka, tirýek datdyryp, çagasyny ukladýar.

“Ýöne neşäniň zyýany barada biz aýallara düşündiriş berýäris” diýip, Nejibe aýdýar.

Hanym Nejibe Kuraýşy şeýle diýýär: “Dokma dokanda olar çagalaryna azrakdan tirýek berýärler. Özüm gördüm sallançakda bir çagajyk ýatyr. Bu çaga

oýanmady. Men soradym, keselmi, näme? Bular aýtdy çaga neşe berýäris. Neşäniň çaga nähili zyýany bar? Ene elindekä çaga nähili zyýan ýetýär? Bu hakynda men söhbet etdim”.

Owgan türkmenleriniň aýal-gyzlarynyň aglabasy okuwsyzdyr. Soňky döwürde Owganystanda gyzlara-da mekdeplerde bilim almaga mümkinçilik dördi, ýöne türkmen aýal-gyzlarynyň bilim almakdan mahrum bolýandygyny hanym Nejibe sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG