Sepleriň elýeterliligi

Eýran: ABŞ-nyň sanksiýalar baradaky kanuny ylalaşygy bozýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Eýran, Birleşen Ştatlaryň Kongresi tarapyndan sanksiýalaryň möhletiniň uzaldylmagy geçen ýyl Tähran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşygy “bozýar” diýýär.

“Biz muny Eýran tarapyndan ylalaşygyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek üçin kesgitlenen komitete habar bereris” diýip, Eýranyň telewideniýesi ýurduň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Bu beýanat, 1-nji dekabrda Birleşen Ştatlaryň Senaty Eýrana garşy sanksiýalar baradaky kanuny ýene 10 ýyla çenli gaýtadan uzaltmak barada biragyzdan ses bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň Wekiller öýi onlarça ýyllyk kanununyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky kanun taslamany eýýäm kabul etdi. Bu kanun Birleşen Ştatlara Eýran bilen iş alyp barýan kompaniýalara garşy sanksiýalary girizmäge rugsat berýär.

Häzirki wagt bu kanun taslamasy Ak tama ugradylýar. Ol ýerde oňa ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň gol goýmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG