Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda teklip edilen amnistiýanyň on müňlerçe adama täsiri ýeter


Gazak tussaghanasy.

Gazak tussaghanasy.

Gazagystanyň häkimiýetleri tussaglary köpçülikleýin amnistiýa etmek baradaky teklipnamanyň netijesinde onlarça müň bendiniň boşadyljakdygyny aýdýarlar.

29-njy noýabrda gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli tussaglary amnistiýa etmegi teklip etdi.

Kanunçykaryjylaryň bu teklipnamany ýurduň 16-njy dekabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününden öň kabul etmegine garaşylýar.

Gazagystanyň baş prokurorynyň orunbasary Iogan Merkeliň 2-nji dekabrda beren maglumatyna görä, eger bu teklipnama kabul edilse, onda ol 30,000 tussaga we deslapky tussaghanalarda saklanylýan adamlara täsir ýetirer.

Onuň sözlerine görä, olaryň 1,800 sanysy azatlyga goýberiler we galan bendileriň tussaglyk möhleti kemeldiler.

XS
SM
MD
LG