Sepleriň elýeterliligi

Russiýa banklara garşy kiber hüjümleriň planlaşdyrylandygyny duýdurýar


Russiýa banklara garşy kiber hüjümleriň planlaşdyrylandygyny duýdurýar.

Russiýa banklara garşy kiber hüjümleriň planlaşdyrylandygyny duýdurýar.

Russiýanyň içerki howpsuzlyk boýunça esasy gullugy nätakyk daşary ýurt aňtaw gulluklarynyň 5-nji dekabrdan başlap “giň gerimli” kiber hüjümleri başlatmak baradaky dildüwşügini böwüsmek üçin çäreleriň görülýändigini aýdýar.

Maglumatda bu kiber hüjümleriň Russiýanyň ençeme bankynyň işini bozmaga we ýurduň maliýe ulgamyny durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilendigi aýdylýar.

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) 2-nji dekabrda beren maglumatynda planlaşdyrylan hüjümlere gatnaşan kompýuter serwerleriniň Niderlandlarda ýerleşendigini we onuň Ukrainanyň websaýtlary kabul edýän “BlazingFast” kompaniýasynda hasaba alnandygyny aýtdy.

Russiýanyň Merkezi banky bu howpdan özüniň habarlydygyny aýdyp, özleriniň islendik hüjüme garşy göreşmek üçin ýörite planyň işlenilip taýýarlanylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG