Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karimowanyň ogly ejesiniň niredediginiň anyklanmagyny isleýär


Özbegistanyň iň soňky lideriniň iň uly gyzy Gülnara Karimowanyň ogly Yslam Karimow.
Özbegistanyň iň soňky lideriniň iň uly gyzy Gülnara Karimowanyň ogly Yslam Karimow.

Özbegistanyň iň soňky lideriniň iň uly gyzy Gülnara Karimowanyň ogly ejesiniň niredediginiň resmi taýdan mälim edilmegini isleýär.

Bir döwür kakasy Yslam Karimowyň potensial mirasdüşeri hasaplanan Karimowa mundan iki ýyl gowrak ozal peýda bolan korrupsiýa skandallaryndan bäri köpçülikde görünmeýär.

Londonda ýaşaýan kiçi Yslam Karimow “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda ejesiniň Daşkentdäki “iki-üç otagly jaýda” saklanylýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol özbek howpsuzlyk gulluklaryny öz ejesini izolýasiýada saklamakda aýyplap, onuň şeýle uzak wagtlap üzňelikde saklanmagy onuň saglyk ýagdaýyna hem täsir ýetiren bolmaly diýdi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Yslam Karimow aradan çykanda, onuň jynazasyna kiçi Karimowyň ne doganlary, ne-de ejesi gatnaşdy.

“Men [babamyň jaýlanyş çäresine] gitmek isledim. Ýöne men gitsem, yzyma gelip bilmejekdigimi bilýärdim. Biziň hereketlerimizi we sesimizi çäklendirmek üçin olara üçümizem gerek” diýip, kiçi Yslam Karimow aýtdy.

XS
SM
MD
LG