Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jakartada azyndan 200 müň adam häkime garşy protest geçirýär


Indoneziýanyň polisiýa güýçleri.
Indoneziýanyň polisiýa güýçleri.

Indoneziýanyň paýtagtynda azyndan 200,000 adamyň Jakartanyň häkimine garşy protest bildirip, ýöriş geçirýändigi habar berilýär.

Basuki Tjahaja Purnama yslamy kemsitmekde aýyplanýar we şu hepde prokurorlar onuň hudaýa şek ýetirmek işiniň suda geçirilip biljekdigini tassykladylar.

Bu karar dünýäniň iň köp musulman ilatly ýurdunda dini we etniki dartgynlylyklaryň möwjeýän mahalyna gabat geldi.

Hytaý etniki azlygyndan bolan hristian Purnama Indoneziýanyň paýtagty Jakartany dolandyrýan musulman bolmadyk ilkinji şahsdyr.

Ol sentýabr aýynda eden çykyşynda özüne goldaw bermezlik üçin Gurhandan aýatlary ulanýan adamlaryň ses berijileri aldaýandygyny aýdypdy.

Yslamçy toparlar onuň Gurhany tankyt edendigini aýdyp, polisiýa şikaýat haty bilen ýüz tutdylar.

Şondan soň, Purnama bu aýdan sözleri üçin ötünç sorapdy.

XS
SM
MD
LG