Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tehnologiýa kompaniýalary terroristik propoganda garşy bilelikde işlemekçi


Tehnologiýa kompaniýalary terroristik propoganda garşy bilelikde işlemekçi.
Tehnologiýa kompaniýalary terroristik propoganda garşy bilelikde işlemekçi.

Birleşen Ştatlaryň tehnologiýa kompaniýalarynyň dördüsi öz onlaýn hyzmatlaryndan terrorizm bilen ilteşikli maglumatlary aýyrmak üçin, güýçlerini birleşdirýändiklerini aýdýar.

5-nji dekabrda YouTube, Facebook, Twitter we Microsoft kompaniýalar öz sahypalaryndan pozulyp aýrylan wideolaryň we suratlaryň umumy maglumatlar bazasyny döretmegi planlaşdyrandyklaryny aýtdylar.

Kompaniýalar Facebook firmasynyň guramaçylygyndaky bu maglumatlar bazasynyň bir sahypadan aýrylan ekstremistiki maglumatlary özleriniň beýleki websaýtlaryndan hem tizara öçürilmegine mümkinçilik döretjekdigini mälim etdiler.

Şeýle-de, bu maglumatlar bazasy suratlaryň we wideolaryň “heş” diýlip tanalýan digital suratlaryny özünde saklar. “Heşler” – her bir maglumat üçin döredilen özboluşly digital barmak yzydyr.

“Terrorizmi propoganda edýän maglumatlara ýer ýok”

Gürrüňi edilýän kompaniýalaryň sahypalaryna ýüklenen suratlarda we wideolarda maglumatlar bazasy tarapyndan barlanan “heşler” bolar. Eger şol “heş ýa-da heşler” maglumatlar bazasynda öňden bellige alnan “heşler” bilen utgaşsa, onda bu barada kompaniýalara bildiriş habar berilýär.

Dört kompaniýanyň bilelikdäki bu maglumatlar bazasy öňümizdäki ýyldan işe giriziler we hyzmatdaşlyk üçin oňa başga-da firmalar goşulyp biler.

“Biz wajyp global meselesi bolan onlaýn terrorizm maglumatlaryny çäklendirmek üçin öz syýasatymyzy güýçlendirmegi dowam etdirýän mahaly, bu hyzmatdaşlygyň örän gowy netijeleriniň bolmagyny umyt edýäris” diýlip, Facebook kompaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

“Biziň müşderi hyzmatlarymyzyň çäginde terrorizmi propoganda edýän maglumatlara ýer ýok” diýip, Twitter kompaniýasynyň metbugat wekili aýtdy. Ol bu başlangyjyň “iň ekstremist we göz-çykgynç” suratlara we wideolara gönükdirilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Günbatar ýurtlary çagyryş etdi

Günbatar ýurtlary sosial ulgamlarda çap edilýän ekstremistik mazmunly maglumatlaryň aýrylmagy üçin tehnologiýa kompaniýalaryny has köp iş alyp barmaga çagyrdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji organy tehnologiýa kompaniýalary ýigrenç we jynsparaz mazmunly maglumatlary aýyrmak işine has tizden-tiz jogap bermese, onda ÝB-niň bu babatda çalt herekete geçmek hakyndaky hökmany düzgünnamany girizjekdigini duýdurypdy.

“Yslam döwleti” topary sosial ulgamlarynyň üsti bilen öz hatarlaryna täze söweşijileri çekýärler. Bu topar sosial ulgamlarda paýlaşýan maglumatlary arkaly tutuş dünýäde öz täsrini güýçlendirýär. Bu maglumatlar bolsa, toparyň tarapdarlaryny radikallaşdyryp, olaryň ýekebara hüjümlerini amala aşyrmagyna ruhlandyrýar.

YouTube we Facebook ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň ençemesi öz sahypalaryndan ekstremist mazmunly maglumatlary awtomatik görnüşde aýryp başladylar.

Şu ýylyň fewral we awgust aýlary aralygynda Twitter kompaniýasy 235,000 sany ulanyjy sahypasynyň işini ýatyrdy. Şeýle-de, bu kompaniýa ekstremist mazmunly maglumatlara gözegçilik edýän toparyny giňeltdi.

XS
SM
MD
LG