Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň iň uly "Blackwell's" kitap dükanynda 125 müň kitap satylýar


Oksforddaky Blackwell's atly kitap dükany.
Oksforddaky Blackwell's atly kitap dükany.

Benjamin Henry Blackwell 1879-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda kitaplara bolan çäksiz söýgüsinden ugur alyp, bir kitap dükanyny açypdyr. Onuň kakasy Benjamin Harris Blackwell kitaphanaçy ekeni. Ol şol bir wagtyň özünde-de "Arakhorluga garşy göreş jemgyýetiniň" agzasy ekeni. Ol jemgyýet adamlara sowatly bolmaga ündäpdir we kitap okamaga, ylaýta-da dini kitaplara aýratyn üns bermäge çagyryş edipdir.

Henry Blackwell birsalym ýerli kitap täjirleriniň ýanynda işlänsoň, öz kakasy ýaly kitaphanaçy bolmagyň kül-külüne düşüpdir. Ýöne "Cardiff" atly kitaphana işe girmek synanşygy şowsuzlyga uçransoň, öz kitap dükanyny açmagy karar edipdir.

Blackwell's kitap dükany
Blackwell's kitap dükany

Blackwell's häzirki döwürde Britaniýanyň Oxford şäherinde 125 müň kitaby halka hödürlenýän, dört gatly dünýäniň iň uly kitap dükanyna öwrüldi. Onuň Britaniýada jemi 45 sany kitap dükan şahamçasy bar.

Kitap dükanynyň işgäri Rebecca MacAlister "Guardian" gazetine şeýle maglumat berdi: "Kitap dükanynyň iň halanýan ýeri birinji gatdaky poeziýa bölümidir. Ol ýerde häzirki wagtda 1879-njy ýyldan galan kitap tekjeleri edil bolşy ýaly öz durkuny saklap dur. Ol ýerde şol bir wagtyň özünde Henry Blackwellden soň 1960-njy ýyllarda kitap dükanyny hasam ulaldan we ony kitap satýan imperiýa öwren Basil Blackwelliň ofisi ýerleşýär".

Kitap dükanyny ýörediji David Kelly bolsa, dükanyň ululygy hem satyjylaryň ussatlygy bilen öwünýär. 125 müň kitabyň satylýan dükanynda, 47 ýyldan bäri işläp gelýän satyjy hem bar.

Ol kitap dükany ýylda 300-e golaý gol çekişlik güni, kitap okalýan agşamlar ýaly jemgyýetçilik çärelerini-de yzygiderli durmuşa geçirýär.

Kitap satyjy Rebecca bu kitap dükanynyň iň tanymal müşderisiniň meşhur iňlis pelsepeçisi Nigel Warburton bolup durýandygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, şonuň ýaly-da Dominikan respublikasynyň prezidenti hem öz aýaly we janpenalary bilen bilelikde kitap dükanyna gelip görüpdir. Ol öz resmi işlerini tamamlap, halaýan kitaplaryny saýlamak üçin, kitap dükanynda galypdyr.

XS
SM
MD
LG