Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa hökümetiniň Aleppo hüjümleri dowam edýär


BMG-niň maglumatlaryna görä, Aleppoda parahat ilatdan 100 müň töweregi adam ölüpdir.
BMG-niň maglumatlaryna görä, Aleppoda parahat ilatdan 100 müň töweregi adam ölüpdir.

Siriýanyň hökümet güýçleri we ýaranlary jeňçileriň gözegçiligindäki Aleppo şäherine hüjümi dowam etdirýärler.

Şaýatlaryň we synçylaryň maglumatyna görä, mundan bir gün öň Russiýanyň ok atyşyklaryň bes edilendigini yglan etmegine garamazdan, Aleppoda jeňçileriň pozisiýalaryna hüjümler, şol sanda howa zarbalary amala aşyrylypdyr.

“Jabha Şamiýa” jeňçi toparynyň Türkiýedäki metbugat wekili “Reuters” habarlar gullugyna: “Hiç zat üýtgemedi. Her günki bolşy ýaly wertolýotlar, harby uçarlar we raketlar dowam edýär” diýip maglumat berdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçy topary hem Aleppo raketa hüjümleriniň edilendigini aýtdy.

“Reuters” habarlar gullugynyň Aleppodaky habarçylary ýarym sagadyň dowamynda dokuz sany howa zarbasynyň sesiniň eşidilendigini aýtdylar.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Siriýadaky hökümete garşy çykyş edýän jeňçilere ýarag çäklendirmelerini gowşatmak baradaky kararyna aladalanma bildirdi.

Peskow ABŞ-nyň uçarlara garşy eginden atylýan raketa ulgamlarynyň “terroristleriň” eline düşmeginiň mümkindigini, şeýle-de munuň regiondaky we onuň daşyndaky ýurtlara howp abandyryp biljekdigi dogrusynda Moskwanyň alada galýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 8-nji dekabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Germaniýadaky maslahatynda “parahat ilaty ewakuasiýa etmek boýunça geçirilýän operasiýa sebäpli” Siriýa güýçleriniň hüjümlerini “togtadandygyny” mälim edipdi.

Emma 9-njy dekabrda Lawrow Siriýanyň hökümet güýçleriniň “gumanitar arakesmeden soň” hüjümlerini ýaňadan başlandyklaryny, şeýle-de hüjümleriň “Aleppo tä jeňçilerden arassalanýança dowam etjekdigini” aýtdy.

BMG-niň maglumatlaryna görä, şäherde parahat ilatdan 100 müň töweregi adam ölüpdir.

Siriýa hökümeti Alepponyň gündogar sebitleriň 75% töweregini ele geçirdi. Bu sebit 2012-nji ýyldan bäri jeňçileriň gözegçiligindedi.

2011-nji ýylda başlanan konfliktde Russiýa prezident Başar al-Assada diplomatiki we harby goldawy berip gelýär. Bu konfliktde 250 müňden hem aşa adamyň ölendigi çak edilýär.

XS
SM
MD
LG