Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň hökümet güýçleri Aleppo zarbalaryny dowam edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we öňdebaryjy diplomatlar Parižde Siriýanyň oppozisiýa agzalary bilen duşuşdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we öňdebaryjy diplomatlar Parižde Siriýanyň oppozisiýa agzalary bilen duşuşdy.

Siriýanyň hökümet güýçleri we olaryň ýaranlary 10-njy dekabrda Alepponyň daralan pitneçiler mesgenine täze zarbalar tapgyryny urdy.

Bu zarbalar Fransiýada we Şweýsariýada Siriýanyň iň uly şäheri Aleppony halas etmek boýunça parallel gepleşikleriň geçirilýän wagty uruldy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we öňdebaryjy diplomatlar Parižde, on müňlerçe ýaşaýjynyň gaçyp çykýan wagty, Aleppony doly ýumrulmakdan halas etmek üçin, Siriýanyň oppozisiýa agzalary bilen duşuşdylar.

Orsýet 10-njy dekabrda şäheriň gündogar böleginden soňky iki günde 50 müň çemesi bosgunyň gaçyp çykandygyny aýtdy.

Siriýa hökümeti indi şäheriň 93 prosentine kontrollyk edýär.ABŞ we rus harby ekspertleri, diplomatlar Ženewada pitneçileriň gündogar Aleppodan çykmak çäreleriniň detallaryny maslahatlaşýarlar.

XS
SM
MD
LG