Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hudaýy söýenler şäheriniň adyny göterjek kondom kärhanasy


Bogolýubowo ybadathanasy.
Bogolýubowo ybadathanasy.

Moskwadan 180 kilometr demirgazyk-gündogarda, Wladimir welaýatynda ýerleşýän Bogolýubowo şäheriniň dindarlary ybadathananyň golaýynda kondom kärhanasynyň gurulmagyna garşy çykýarlar.

Ýerli hökümet bolsa şeýle kärhananyň gurulmagy bilen 200 iş ornunyň döremegine garaşýar.

Ýöne gurluşyk başlandan soň ybadathana geňeşi dini sebäplerden ugur alyp, kärhananyň salynmagyna nägilelik bildiripdir.

4-nji dekabrda ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, takmynan 120 çemesi prawoslaw din edarasynyň işgäri ýerli hökümetiň edarasynyň alnynda protest ýörişi geçirip, gurluşygyň goýbolsun edilmegini islediler.

"Garaşylmadyk nägilelik"

Aglaba köpçüligi dini eginbaşly, eline ikona alan we tagtadan ýasalan ullakan haçlary göteren garryja aýallardan ybarat protestçi topar yzygiderli aýat-doga okapdyr. Protestçiler "Mukaddes ýerde kondom kärhanasy bolmaz!" we "Keramatly Merýem, bizi äsgermezçilikden gora!" diýen şygarlar göteripdir.

Nägilelik bildirilýän kärhana gurlup tamamlanandan soň, ol ýerde kondom bilen bir hatarda çagalaryň arlygy we ýelimli lentalar hem öndüriler.

22-nji noýabrda prawoslaw ruhanylardan ybarat bolan bir topar zawodyň gurulmagyna garşy çäre gurnapdyr. Kärhanany gurýan "Bergus" firmasy bolsa, planlary üýtgedip bolmajak sepgide ýetilendigini bildirýär. Ýöne muňa garamazdan, ýerli häkimiýet protestçileri kabul edip, olaryň töwellasyny diňlemäge razylyk bildiripdir.

"Bergus" firmasynyň degişli "KIT" atly maýadarlar jemgyýetiniň başlygy Pawel Spiçakowuň bellemegine görä, bildirilýän nägilelikleri firmanyň "göz öňünde tutmagy" mümkin däl.

Päklik we mukaddeslik

"Men olar şäherde iş orunlarynyň döredilmegini we salgyt girdejileriniň köpelmegini goldarlar öýtdim" diýip, Spiçakow Azatlyk Radiosynyň rus gullugyna beren interwýusynda aýdýar. Ýerli žurnalistlerden biriniň 24-nji noýabrda bolan duşuşyk barada ýaýradan maglumatyndan mälim bolşuna görä, protestçiler kondomdan jynsy ýoldan ýokuşýan kesellerden goranmak maksady bilen peýdalanylýandygy üçin, oňa garşy çykyş edýärler. "Päklik hapa kesellerden goranmagyň çäresidir. Biz Bogolýubowodan päklik we mukaddeslik ýaýratmalydyrys!" diýip, protestçileriň biri aýdýar.

Protestçileriň närazylygy öndüriljek gigeniki önümleriň ýüzüne şäheriň adynyň ýazylmagy bilen baglanyşyklydyr. "Bogolýubowo" - "Hudaýy söýenler" diýen manyny berýär. 4500 ilatly bu şäher 7-nji asyrda ors knýazy Andreý Bogolýubowskiniň adyny göterýär. Şäherdäki Nerl çaýynyň boýundaky Pokrow ybadathanasyny hem knýaz Andreý Bogolýubowskiý gurdurypdyr. Ybadathana, UNESCO-nyň Bütindünýä medeniýet miraslary sanawyna girizilipdir.

15-20 adam

Protestçiler şol bir wagtyň özünde kärhananyň gurulýan ýerine hem nägilelik bildirýärler. Kärhana Bogolýubowski ybadathanasynyň golaýynda ýerleşýän bir kerpiç zawodunyň ýerinde dikeldilýär. Ol ýer şonuň ýaly-da mekdebe diýseň golaýdyr.

Ýerli internet habar sahypasy bolan "Pro Wladimir" üçin makala ýazan žurnalist Krill Wasilýewiň aýtmagyna görä, kärhananyň gurulmagyna garşy çykýanlar bary-ýogy 15-20 sany adamdan ybarat. Olardanam köpüsi Bogolýubowyň ýerli ýaşaýjysy däl.

Wasilýew nägileleriň şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsinden gol ýygnamaga synanyşyk edýändigini, ýöne olaryň muny başaryp bilmejegini nygtaýar. "Köçede duş gelýän adamlarymyz we edaranyň öz işgärleri bu meselä bitarap çemeleşýärler ýa-da täze iş ornunyň döredilmeginden hoşallyk bildirýär. Owal bu ýerde kerpiç zawody bardy. Olam ýapyldy. Adamlar işsiz galdy. Olar indi Wladimire, ýagny welaýatyň merkezine gatnamaly bolýarlar" diýip, Wasilýew gürrüň berýär.

Demografiýa problemasy

Prawoslaw ybadathanasy bolsa meselä birtaraply çemeleşýär we bu ugurda hiç hili beýannama bermeýär. Ybadathana öz agzalaryna kondomdan peýdalanmaga rugsat berýär. Ýöne şol bir wagtyň özünde, "bendäniň bilgeşleýin çagadan gaça durmagy nikanyň mertebesini peseldýär we munyň günädigi ikiuçsuzdyr" görnüşinde duýduryş berýär.

Protestlere ýolbaşçylyk edýänleriň biri rus prawoslaw gullugynyň işgäri Tatýana Fadeýewa zawodyň gurulmagyna özüniň näme sebäpden garşy çykýandygyny şeýle düşündirýär: "Kondomlar näme üçin öndürilýär? Adamlaryň önelgesini çäklendirmek maksady bilen. Häzirki döwürde demografiýamyz öwerlikli ýagdaýda däl ahyryn. Şonuň üçinem şeýle zyýanly zat demografiýamyza oňaýly täsir etmez".

Kärhananyň işe girizilmegi bilen dörejek iş orunlary hakda bolsa Fadeýewa şeýle diýýär: "Olar ýaly bolsa onda, geliň, süýji öndürýän kärhana açalyň, sowgatlyk, oýunjak zawody guralyň".

XS
SM
MD
LG