Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylardan ýene pul toplanýar


Mekdepde ene-atalaryň ýygnagy, Türkmenistan
Mekdepde ene-atalaryň ýygnagy, Türkmenistan

Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylardan pul toplamak çäreleri amala aşyrylýar.

Şu günler Daşoguz welaýatynda her mekdepden kanikul döwründe ýurduň dynç alyş merkezlerine okuwçylary ibermek üçin, ene-atalardan mejbury ýagdaýda pul ýygnalýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň aýtmagyna görä, her mekdep okuwçysyndan 10-15 manat, mekdep işgärlerinden, ýagny mugallymlardan, tämizçilerden, garawul, bagban we otýakar ýaly işgärlerden 15 manat möçberinde pul tabşyrmak talap edilýär. Pul ýygnamak boýunça çärä mugallymlar gözegçilik edýärler, emma käbir ene-atlar özlerinden talap edilýän puly tabşyrmaga mümkinçiliginiň asla ýokdugyny hem aýdýarlar.

Dynç alyşyň bahasy

Awazadaky we Aşgabadyň etegindäki Gökdere dynç alyş merkezinde dynç aldyrmak üçin iberiljek çagalaryň sany boýunça mekdebiň ululygyna laýyklykda plan kesgitlenýär.

“Çetki obalardaky her mekdepden dynç alyşa bir çaga we bir mugallym ibermeli diýilýär. Okuwçylaryň sanyna görä, 3-4 okuwçyny iberýän mekdepler hem bar” diýip, daşoguzly çeşmämiz habar berýär.

Mekdep okuwçylaryndan ýygnan pula mekdebiň adyndan iberilýän çagalaryň köplenç mekdep müdirleriniň ýa-da okuw bölüm müdirleriniň ýakynlary bolup çykýandygyny käbir ene-atalar gürrüň berýärler. Daşoguz welaýatynyň etrap mekdepleriniň biriniň işgäri öz mekdebinde ýygnalan puluň möçberine görä, bir-iki çaganyň däl-de, eýse 10 çaganyň dynç alyşa gitmegine mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Daşoguzuň mekdeplerinde pul ýygnamak boýunça geçirilýän çäreler barada mekdepleriň özlerinden resmi görnüşde maglumat alyp bolmady.

Emma käbir mekdeplerde okaýan çagalaryň ene-atalary bir çaganyň 10 günlük dynç alyşa ugradylmagy üçin kesgitlenen çykdajynyň 700 manatdan ybaratdygy habar berýärler.

700 manat Türkmenistanda resmi derejede kesgitlenen minimal aýlykdan has ýokary, minimal aýlygyň möçberi 597 manat.

“Şu günler mekdeplerde uly başagaýlyk döredi” diýip, adynyň efirde agzalmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň biri mekdeplerde geçirilýän ýygnaklarda mekdep işgärleriniň çagalaryň dynç alyşy üçin pul ýygnanýandygyny hiç ýerde agzamazlygy tabşyrýandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanda soňky ýyllarda çagalar üçin dynç alyş merkezleriniň ençemesi guruldy. Olaryň ençemesi Hazar deňziniň kenarynda we esasan Awazada, şeýle-de Aşgabadyň etegindäki Gökderede ýerleşýär.

2016-njy ýylyň tomus möwsüminde Gökderedäki we Awazadaky merkezler bilen bilelikde welaýatlaryň mekdeplerinde döredilen tomusky dynç alyş zolaklarynda jemi 93 müň 740 okuwçynyň dynç alandygyny, türkmen hökümeti 26-njy awgustda hasabat berdi.

Emma ene-atalar çagalaryny dynç alyşa ibermäge isleg bildirýän hem bolsalar, munuň köplenç özlerine elýeterli däldigini aýdýarlar.

Aşgabatda puly toý üçin toplaýarlar

Aşgabadyň mekdeplerinde şu günler baýramçylyk sebäpli pul toplanýar.

Hususan-da, ýurduň baş ýolkasyna gatnaşdyryljak çagalaryň baýramçylyk geýimleri we beýleki çykdajylary üçin, ene-atalardan 500 manat möçberinde pul ýygnanýar. Paýtagtda her mekdepden baş ýolka ortaça hasapdan 50 çaga gatnaşdyrylýar.

Şeýle-de, kanikullarda çagalaryň teatrlara we beýleki baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy üçin olardan toý lybaslarynda bolmak talap edilýär we munuň üçin hem her çagadan azyndan 200 manat möçberinde pul toplanýar.

Ene-atalar çaganyň täze ýyl sowgady üçin hem 5 manat tabşyrmaly bolýar.

Türkmenistanyň hökümeti döwlet syýasatynyň adam faktory esasynda kesgitlenýändigini we çagalar baradaky aladalary ileri tutýandygyny aýdýar.

Resmi metbugatda “Döwlet adam üçindir!” we “Türkmenistan çagalyk üçin bagt ýurdudyr!” diýen, resmi şygarlar öňe sürülýär.

XS
SM
MD
LG