Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ýas tutýan mahaly, jesetleri we gara gutyny gözlemek işi dowam edýär


Russiýa ýas tutýan mahaly, jesetleri we gara gutyny gözlemek işi dowam edýär.
Russiýa ýas tutýan mahaly, jesetleri we gara gutyny gözlemek işi dowam edýär.

Russiýa 25-nji dekabrda Siriýa uçýan mahaly Gara deňze ýykylan rus harby uçarynda ölen 92 adamyň hatyrasyna ýas tutýan mahaly, halas ediş gullugyň müňlerçe işgäri agzalýan deňizde jesetleri gözleýär.

26-njy dekabrda irden uçaryň bortundaky ýolagçylaryň diňe 11 sanysynyň jesediniň tapylandygy mälim edildi. Şol bir wagtda, halas ediş gullugyň 3,500 çemesi işgäri jesetleri we uçaryň galyndylaryny, şol sanda uçar kabinasyndaky maglumatlary özünde saklaýan gara gutyny gözlemek işlerini dowam etdirýärler.

Gara deňziniň kenaryndaky gözleg territoriýasy 10,5 kwadrat kilometre çenli giňeldildi we jesetleriň 10 sanysy, şeýle-de jesetleriň “86 bölegi” anyklaşdyrylmak üçin Moskwa getirildi diýip, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili general-maýor Igor Konaşenkow aýtdy.

“Meniň pikirimçe, biz şu gün Gara deňziniň düýbünde uçaryň ýerleşýän ýerini taparys” diýip, 26-njy dekabrda Russiýanyň howa güýçleriniň komandiri Wiktor Bondarew rus habar agentliklerine aýtdy.

Orsýetliler uçar heläkçilginde pida bolanlaryň hatyrasyna ýas tutýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

Russiýanyň “Tu-154” kysymly uçary Gara deňze ýykylanda onuň bortunda tanymal Aleksandrow ansamblynyň 68 agzasy we işgäri, şol sanda ansamblyň başlygy Waleriý Halilow bardy. Ýolagçylaryň arasynda aman galan ýok.

Harby uçar ilki Moskwadan ugrap, Soçiniň Adler sebitinde ýangyç guýmak üçin gonupdyr.

33 ýaşly bu uçar Orsýetiň Hmeimim howa bazasyna, Siriýanyň kenarýaka şäheri Latakiýa barýan eken. Ol ýerde Aleksandrow ansamblynyň Russiýanyň armiýasyna Täze Ýyl konsertini bermegine garaşylýardy.

Pankow 26-njy dekabrda Moskwada çykyş edip, “ansambl ýaşar” we “ansambl biziň ýurdumyzyň we armiýanyň simwoly bolmaga dowam eder” diýdi.

Pankow tanymal ansamblyň agzalarynyň we işgärleriniň umumy sanynyň 285-e barabardygyny aýdyp, “ýitgimiz örän uly” diýdi.

26-njy dekabrda irden adamlar ansamblyň köplenç çykyş edýän ýeri Moskwanyň konsert zalynyň öňünde gülleri goýup, şemleri ýakyp başladylar.

Heläkçilige uçran uçaryň bortunda başga-da sekiz ekipaž agzasy, rus harbylarynyň alty agzasy, Russiýanyň telewideniýesiniň dokuz žurnalisti we prezident Wladimir Putiniň maslahat beriji ynsan geňeşiniň agzasy we “Sprawedliwaýa Pomoş” haýyr-sahawat fondunyň ýerine ýetiriji direktory Ýelizaweta Petrowna Glinka bardy.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Birinji telekanaly”, “NTV” we “Zwezda” telekanallary uçarda özüniň üç işgäriniň bolandygyny mälim etdiler.

Uçaryň bölekleri Gara deňizden, Soçi şäheriniň kenar ýakalaryndan 1,5 km uzaklykda, 50-den 70 metre çenli çuňlukdan tapyldy.

25-nji dekabrda heläkçilikden birnäçe sagat soň, prezident Wladimir Putin 26-njy dekabry milli ýas güni diýip yglan etdi.

Şeýle-de, Putin “biziň raýatlarymyzyň maşgalalaryna iň çuňňur gynançlarymyzy bildirýäris” diýdi.

XS
SM
MD
LG