Sepleriň elýeterliligi

Stambulyň klubynda 39 adamy öldüreniň gözleg işleri dowam edýär


Stambulda bir gije klubynda ýaragdan ot açyp, 39 adamy öldüren we başga-da onlarçasyny ýaralanan hüjümçiniň gözleg işleri gidýär.

Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň beren maglumatyna görä, 1-nji ýanwardaky hüjümde heläk bolanlaryň 15-si daşary ýurduň raýatlarydyr. Ol wakada başga-da 69 adamyň ýaralanandygyny, olaryň dördüsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.

Aýaz babanyň lybasyna geýnen hüjümçi şäheriň Ortaköý etrabyndaky Reina gije klubunyň gapysyndaky polisiýa işgärini hem öldüripdir.

Ol soňy bilen Täze ýyl gijesini belleýän 500-700 adama garşy ot açyp başlapdyr.

Stambulyň häkimi Wasip Sahin wakany “terroristik hüjüm” diýip, atlandyrdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Soýlu hüjümçiniň şahsyýetini anyklamagy başartmandygyny, şeýle-de ony ele salmak boýunça operasiýanyň dowam edýändigini aýtdy.

“Biziň howpsuzlyk gulluklarymyz gerekli çärelere başladylar. Nesip bolsa, ony gysga wagtda ele salarys” diýip, Soýlu belledi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan hüjüm bilen ýurtda bulaşyk ýagdaýlary döretmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça başlygy Federika Mogherini Twitterde “Biziň pikirlerimiz heläk bolanlar we olaryň ýakynlary bilendir. Biz şeýle heläkçilikleriň öňüni almak ugrunda işlemegi dowam etdirýäris” diýdi.

ABŞ-da Ak tam bu hüjümi ýazgaryp, ony “aýylganç terroristik hüjüm” diýip, atlandyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG