Sepleriň elýeterliligi

YD Stambulyň klubyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Stambulyň klubyndaky hüjümde heläk bolan Aýhan Arykyň dogan-garyndaşlary onuň tabydynyň başynda aglaýarlar.

“Yslam döwleti” atly jeňçi topar Täze ýyl gijesi Stambulyň gijeki klubyna edilen ýowuz hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şol hüjümde 39 adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy.

Bu topar özüniň 2-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda “halyfatyň esgeri dini ynamyndan dänen hristianlaryň baýramçylyk dabarasyny belleýän” ýerine hüjüm etdi diýilýär.

Türkiýäniň “Hürriýet” we “Karar” atly gündelik neşirleri 2-nji ýanwarda irden beren maglumatlarynda türk howpsuzlyk resmileri “Yslam döwleti” toparynyň gyrgynçylyga gatnaşygynyň bolmagyndan şübhe edýärler diýipdiler. Şeýle-de, bu gazetler şübheliniň Özbegistandan ýa-da Gyrgyzystandan bolmagynyň mümkindigini habar beripdiler.

Türkiýede wakanyň bolan ýerinden gaçan ýaragly adamyň gözleg işleri dowam edýär.

Resmiler wakada heläk bolan 39 adamdan 24 sanynyň daşary ýurtlydygyny aýtdylar. Şeýle-de, wakada başga-da 69 adam ýaralanyp, olaryň dört sanysynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy habar berilýär.

Stambulda ýerleşýän rus konsulhanasyndaky çeşme “TASS” habar agentligine beren maglumatynda wakada pida bolanlaryň biriniň orsýetli zenandygyny aýtdy. Ilkibada onuň Azerbaýjanyň raýatydygy habar berlipdi.

Hüjümde öldürilen beýleki daşary ýurtlylaryň arasynda Saud Arabystanyň azyndan bir raýatynyň, bir kanadalynyň, azyndan iki iordaniýalynyň, üç yraklynyň, üç liwanlynyň, azyndan bir tunisliniň, iki hindistanlynyň, ysraýylly arabyň, Belgiýanyň we Türkiýäniň raýatlyklaryna eýe bir adamyň we azyndan bir liwiýalynyň bardygy mälim edildi.

Ýaragly adam Stambulyň Ortakoý etrabyndaky Reina gijeki klubynyň girelgesindäki polisiýa ofiserini we başga-da bir adamy hem öldüripdir.

Awtomat tüpeňli hüjümçi kluba girip, Täze ýyl gijesini belleýän 500-700 adama garşy ot açyp başlapdyr.

Maglumata görä, birnäçe adam hüjümden gaçmak üçin özüni Bosfor bogazynyň suwuna oklapdyr.

Hüjümçiniň Aýaz babanyň lybasyny geýendigi habar berilýär.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym hüjümçiniň öz ýaragyny wakanyň bolan ýerinde taşlap, “emele gelen haosdan, bulam-bujarlykdan peýdalanyp” gaçandygyny aýdýar.

Stambulyň häkimi Wasip Şahin wakany “terroristik hüjüm” diýip häsiýetlendirdi.

“Gynansakda, ol Täze ýyly bellemäge baran günäsiz adamlara garşy ýowuz we rehimsiz görnüşde ot açdy” diýip, Şahin aýtdy.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan hüjüm Türkiýede haos, bulaşyklyk döretmek maksady bilen amala aşyryldy diýdi.

“Olar biziň halkymyzyň asudalygyny bilkastlaýyn nyşana almak we şeýle tisgindiriji hüjümlerde parahat ýaşaýjylary nyşana almak arkaly ýurdumyzyň keýpini bozmaga we haos, bulaşyklyk döretmäge synanyşýarlar” diýip, Erdogan prezident websaýtynda çap eden beýanatynda aýtdy.

Stambulda Täze ýyl baýramçylygy bellenilýän mahaly howpsuzlyk ýokary derejededi. Şäherde 17,000 çemesi polisiýanyň iş üstünde bolandygy habar berilýär.

2016-njy ýylda Stambulda we türk paýtagty Ankarada birnäçe terroristik hüjümler amala aşyryldy. Geçen ýylyň 10-njy dekabrynda Stambulyň stadionynyň daşynda amala aşyrylan goşa bomba hüjüminde 44 adam öldi we başga-da 149 sanysy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG