Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Türkiýäniň "terrorçylara tabyn bolmajakdygyny" aýdýar


Prezident Rejep Taýyp Erdogan

Prezident Rejep Taýyp Erdogan

Türk häkimiýetleri özleriniň Täze ýyl gijesinde Stambulyň gijeki klubynda gyrgynçylyk eden adamyň şahsyny anyklandyklaryny aýdýarlar, prezident Rejep Taýyp Erdogan bolsa şu pursatda ýurduň «terrorçylara» tabyn bolmajakdygyny jar etdi.

Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu döwlet eýeçiligindäki Anadolu habar gullugynda çykyş edip, ýaragly adamyň şahsynyň anyklanylandygyny aýtdy, emma başga detallary aýtmady.

Gürrüňi edilýän ýaragly adam Stambulyň kenarýaka kulbyna, Reýna awtomatiki ýaragly kürsäp urup, 1-nji ýanwar säherindeTäze ýyl baýramçylygyny belleýän adamlary oka tutdy. Bu waka netijesinde azyndan 39 adam öldürildi, 69 adam bolsa ýaralandy.

Wepat bolanlaryň 27-si daşary ýurtly we köpüsi Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan gelen myhmanlardy.

«Yslam döwleti» topary bu gyrgynçylygy «halyfatyň esgeriniň» amala aşyrandygyny aýtdy wemuny «dinden ýüz öwrenleriň baýramçylygyna» edilen hüjüm hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle-de YD bu hüjümiň Türkiýäniň Siriýadaky harby gatyşmasy üçin ar alyş bolandygyny aýtdy.

Hüjümden soň gaçyp gutulan ýaragly adam henizem tapylanok.

"Ony ele salmak ugrundaky tagallalar dowam edýär" diýip, Çawuşoglu sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle-de ol onuň ýaşan öýüniň «dökülendigini», gijeki kluba edilen hüjümiň «professional derejede» planlaşdyrylandygyny aýtdy.

Türk mediasy hüjümçiniň hüjümi amala aşyrmak üçin Stambula göçmezinden öň merkezi şäher Konýada bir jaýy kireýine alandygyny habar berdi.

Güman edilýäniň adyny aýtmadyk hem bolsa, polisiýa şu hepdäniň başynda onuň şekillerini, şol sanda hüjüm eden gijesi howpsuzlyk kameralarynda galan suratyny çap etdi.

28 ýaşly gyrgyz raýaty, ady we pasporty türk hem italiýan medialarynda, şeýle-de sosial ulgamlarda peýda bolan adam, mümkin bolan jenaýatçy hökmünde, Bişkekde türk we gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan sorag edildi we soň boşadyldy.

Çawuşoglunyň beýanaty Anadolu habar gullugynyň port şäher Izmirde 4-nji ýanwarda tutulan bäş adam baradaky habarynyň yz ýanyna gabat geldi. YD topary bilen ilteşikli hasaplanylýan bäş adam alnyp barylýan derňewiň çäginde saklandy.

Mundan ozal Reýna klubynda bolan gyrgynçylyk bilen bagly azyndan 14 adam, şol sanda iki sany daşary ýurtly tussag edildi diýip, Anadolu habar beripdi.

Prezident Erdogan bu hüjümden soň millete eden ilkinji ýüzlenmesinde onuň Türkiýäni iki bölmegi maksat edinendigini, emma ýurduň bu tora düşmejekdigini aýtdy.

"Olaryň maksady düşnükli: galagopluk döretmek we jemgyýeti iki bölmek" diýip, ol Ankarada aýtdy.

"Türkiýede hiç kimiň durmuş ýörelgesi sistematik wehim astynda däl, biz muňa hiç wagt ýol bermeris” diýip, Erdogan aýtdy. Prezident «Türkiýe terrorçylyga tabyn boldy diýmek terroçylaryň we terror guramalarynyň tarapyna geçmek bolar" diýdi.

Türkiýe soňky 12 aýda onlarça terror hüjümine sezewar boldy, şol sanda Stambulyň halkara uçar meýdanyna hem hüjüm edildi. Olaryň käbirinde «Yslam döwleti» topary aýyplansa, başgalarynda kürt jeňçileri günälendi.

Türk kanun çykaryjylary 3-nji ýanwarda 15-nji iýuldan soň yglan edilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini ýene bir üç aý uzaltmaga ses berdiler.

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň guramasy bilen ilteşikli adamlary basyp ýatyrmak üçin jar edildi. Ankara Güleni başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny guramakda aýyplady, Gülen muňa baglanyşygynyň bardygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG