"Hudaýym, Omary ýalka"
Moskwada Täze ýylyň öňýany meýletinçiler keselhanalardaky ýarawsyz çagalar üçin gök-önümleri satyn alýardylar. Satyjylaryň biri bularyň kim üçin niýetlenendigin bileninde, özüniň satýan birnäçe guty mandarinini külli mugtuna berip goýberdi. Ol munuň öwezine diňe bir zady - özi üçin doga-dileg etmegi sorady.