Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň resmileri Russiýanyň ‘hat ogurlygyna gatnaşygy’ barada çykyş ederler


ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri James Klapper
ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri James Klapper

Birleşen Ştatlaryň gizlin gulluklarynyň ýokary derejeli resmileri 5-nji ýanwarda Senatda boljak diňlenişikde, ýurduň prezidentlik saýlawlaryna goşulmak boýunça kiber kampaniýasyna Orsýetiň güman edilýän gatnaşygy barada çykyş ederler.

Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň bu diňlenişigi ýurduň aňtaw gulluklarynyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti saýlanan Donald Trampa hasabat bermeginden bir gün öň geçirilýär.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw jemgyýetçiligi elektron hatlary ogurlamak bilen baglylykda Demokratik partiýasyna we onuň dalaşgäri Hillari Klintonyň garşysyna edilen herekete Orsýetiň görkezme berendigine ynanýar.

Russiýanyň hökümeti we Donald Tramp şeýle netijeleriň esassyzdygyny aýdýarlar. Şol bir wagtyň özünde, prezident Barak Obamanyň administrasiýasy kiber hüjümleriniň aňyrsynda Moskwanyň bardygy baradaky aýyplamalary esaslandyrýan detallary henize çenli köpçülige ýaýratmady.

Tramp 4-nji ýanwarda eden çykyşynda WikiLeaksiň esaslandyryjysy Julian Assangyň aýdanlaryny, ýagny ogurlanan elektron hatlara Russiýanyň gatnaşygynyň ýokdugyny gaýtalady.

Şeýle-de, ol Twitter sosial ulgamynda ýazan maglumatynda kiber hüjümlerine Birleşen Ştatlaryň Demokratik milli komitetiniň geleňsizliginiň sebäp bolandygyny öňe sürdi.

ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan ýurduň prezidenti saýlanan Trampyň Assangyň aýdanlaryny goldamagy, onuň bu mesele boýunça Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň çykaran netijelerine köpçüligiň öňünde iň soňky gezek närazylyk görkezmesi boldy.

Tramp 2003-nji ýylda ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň (CIA) ýalňyş maglumatlarynyň Birleşen Ştatlaryň Yraga goşulmagyna sebäp bolandygyny ýatladyp, munuň Russiýanyň kiber hüjümlerine gatnaşygynyň bolandygy baradaky aýyplamalara şübheli garamagynda esas bolýandygyny yzygiderli gaýtalap gelýär.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň häzirki we öňki resmileri Trampyň ýurduň aňtaw gullugynyň çykaran netijelerini köpçülikde ret etmegine alada bildirip, olar 20-nji ýanwarda Tramp öz wezipesine girişenden soň, onuň bu meselä nähili gözegçilik etjeginden howatyrlanýarlar.

Senatda 5-nji ýanwarda boljak diňlenişikde Milli aňtaw gullugynyň müdiri James Klapperiň, Milli howpsuzlyk agentliginiň müdiri Mike Rogersyň we Döwlet sekretarynyň aňtaw we goranmak boýunça orunbasary Marsel Lettreniň çykyş etmegine garaşylýar.

Şeýle-de, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nulandyň Obamanyň administrasiýasynyň Russiýanyň etdi diýilýän kiber hüjümlerine jogap hökmünde, täzelikde yglan eden sanksiýalary barada Senatyň daşary gatnaşyklar boýunça komiteti bilen ýapyk duşuşygy geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG