Sepleriň elýeterliligi

Rus harbylary Siriýadan çekilip başlady


Orsýetiň “Admiral Kuznetsow” adyndaky uçar göteriji gämisi.

Orsýetiň harbylarynyň Siriýadaky goşunlaryny çykaryp başlandygyny Orsýetiň baş harby ştabynyň başlygyna salgylanyp, media serişdeleri habar berýärler.

“Orsýetiň ýaragly güýçleriniň baş ýolbaşçysy prezident Wladimir Putiniň kararyna görä, Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýadaky goşunyny çäklendirip başlady” diýip, 6-njy ýanwarda Orsýetiň täzelikler agentlikleri general Waleriý Gerasimowy sitirlediler.

Gerasimowyň Orsýetiň “Admiral Kuznetsow” adyndaky uçar göteriji gämisiniň ýolbaşçylygynda, Ortaýer deňzinde hereket edýän harby flotunyň ilkinji bolup Siriýadan yzyna dolanjagyny aýdandygy habar berilýär.

Putiniň dekabrda aýtmagyna görä, Orsýetiň Siriýadaky goşunynyň sanynyň çäklendirmegi Moskwanyň we Ankaranyň araçylygynda gelnen ok atyşygy bes etmek baradaky şertnamanyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylar.

Bu ylalaşyk paýtagt Damaskyň etegindäki häli-şindi ýüze çykyp duran çaknyşyklara garamazdan, öz güýjünde bolmagyna galýar.

Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşikleriň nobatdaky tapgyry şu aýyň aýagynda gazak paýtagty Astanada geçiriler.

Prezident Başar al-Assadyň esasy ýarany – Russiýa 2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri Siriýada howa zarbalaryny amala aşyrýar. Munuň netijesinde, hökümetiň güýçleri öňe gidişlik gazanyp başlapdylar.

Geçen ýylyň mart aýynda Putin Orsýetiň Siriýadaky harbylarynyň uly bölegini çykarjagyny aýdypdy. Şondan soň Orsýetiň harby uçarlarynyň ýarym çemesi Siriýany terk edipdi. Emma Orsýet Siriýany harby serişdeleri bilen üpjün etmegini dowam etdirdi.

Siriýada bäş ýyl bäri dowam edip gelýän konfliktde 250 müň töweregi adam ölüp, 11 milliona golaýy hem öýlerini terk edip, bosgun bolmaga mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG