Sepleriň elýeterliligi

Tähran öňki prezident Rafsanjani bilen hoşlaşýar


Eýranda öňki prezident merhum Akbar Haşemi Rafsanjani

Eýranda öňki prezident merhum Akbar Haşemi Rafsanjani

Eýranda öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjaniniň hatyrasyna üç günlük ýas yglan edildi. Rafsanjani 8-nji ýanwarda 82 ýaşynda aradan çykdy.

9-njy ýanwarda prezident Hassan Rohani we ýurduň hökümeti Tähranyň Jamaran merkezinde Rafsanjaniniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşdylar.

Bu merkez ýa-da metjit Eýran yslam respublikasynyň esaslandyryjysy Aýatolla Rohullah Homeýininiň öňki rezidensiýasynyň çäginde ýerleşýär.

Rafsanjaniniň tabydy goýlan bu merkezdäki matam çäresine gatnaşýanlaryň arasynda onuň maşgala agzalary hem boldular. Olaryň käbirleri Rafsanjaniniň tabydynyň gapdalynda aglap, ony ellemäge synanyşýarlar.

Bu aralykda, jemgyýetiň dürli gatlagyndan eýranlylar Rafsanjaniniň ölümine gynanç bildirýärler.

1989-njy ýyldan 1997-nji ýyla çenli Eýrany dolandyran Rafsanjani 10-njy ýanwarda topraga berler. Bu sene ýurtda resmi dynç alyş güni diýlip yglan edildi.

Rafsanjani Eýranyň parlamentiniň, täsirli ruhanylarynyň biridi we Gözegçiler geňeşiniň arasyndaky dawalary çözmek maksatly döredilen Synçy geňeşine baştutanlyk edipdi.

Şeýle-de, ol Eýranyň Ekspertler assambleýasynyň agzasydy. Bu assambleýa ýurduň ýokary dini liderini wezipä bellemek we gerek bolanda, ony wezipeden aýyrmak işini ýerine ýetirýär.

Rafsanjana Günbatar bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga açyk garaýyşly “progmatik konserwator” hökmünde garalýardy.

Rafsanjani özüniň prezidentlik eden iki möhletinde içerki erkin bazar ykdysadyýetiniň elementlerini öz içine alýan reformalary öňe sürmäge synanyşdy.

Muňa garamazdan, käbir eýranly reformatorlar Rafsanjanini özüniň prezidentlik eden möhletinde liberallaryň we dissidentleriň ölümine gatnaşmakda aýyplapdylar. Ol bu aýyplamalary ret edipdi.

Şeýle-de, Rafsanjaniniň ady Argentinanyň prokurorlary tarapyndan 1994-nji ýylda Buenos-Airesdäki ýewreý merkezini bombalamaga gatnaşmakda güman edilýän birnäçe eýran resmisiniň arasynda agzalypdy. Şol bomba hüjüminde 85 adam ölüpdi.

Eýranly adam hukuklaryny goraýjy, aklawçy we Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadi Rafsanjaniniň prezident bolan döwründe “adam hukuklary bilen bagly betbagtçylyklaryň ençemesinden” hiç bolmanda habarly bolandygyny belledi.

“Şeýlelikde, onuň adam hukuklary babatyndaky işlerine pozitiw garap bolmaýar”, diýip, Ebadi AÝ/AR-a beren interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG