Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Mugallymlaryň prezident saýlawlaryndaky wezipe-borçlary kesgitlendi


Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň birine gatnaşýan raýatlar we olary hasaba alýan resmiler.

Aşgabadyň mekdepleriniň ençemesinde mugallymlar bilen ýygnaklar geçirilip, olaryň Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlarynda etmeli wezipe-borçlary kesgitlendi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, 9-njy ýanwarda geçirilen “pedsowetlere”, ýagny mugallymlaryň mekdep geňeşine ähli mugallymlar we mekdep ýolbaşçylary gatnaşdy.

Bu duşuşygyň dowamynda mugallymlaryň ýetip gelýän prezident saýlawlaryndaky roly, etmeli anyk işleri anyklandy. Olaryň ýerine ýetirmeli wezipe-borçlary üçe bölündi.

Birinji topardaky çäreler mekdepde işleýän mugallymlaryň ählisine degişli bolup, olaryň her birine öz töwereginde ýaşaýan 50-ä golaý maşgalanyň ýaşaýan öý salgysy eline berilýär. Muňa laýyklykda, mugallymlar 9-15-nji ýanwar aralygynda şol salgyda ýaşaýan ýaşaýjylaryň saýlaw ýaşyna ýetenleriniň anyk maglumatyny, sanawyny düzmeli. Bu sanaw mekdep ýolbaşçylary tarapyndan bir hepdäniň dowamynda şol mekdebiň golaýyndaky saýlaw okrug komissiýasyna ugradylmaly.

Şeýle-de, saýlawa gatnaşmaly raýatlaryň sanawyny düzen mugallymlar saýlaw güni saýlaw uçastogyna gelip, özüniň düzen sanawyndaky saýlawçylaryň gelip-gelmändigini anyklamaly. Eger gelmedik bolsa, onda mugallymlar öz düzen sanawyndaky ýaşaýjylaryň öýüne baryp, olaryň saýlawlara gatnaşmagyny gurnamaga hem borçly.

Sapakdan soň geçiriljek metodiki sapaklar

Ikinji topardaky çäreleriň çäginde, eger mekdepde saýlaw uçastogy döredilen bolsa, onda mugallymlaryň belli bir bölegi şol saýlaw uçastogyna gelýän saýlawçylara hyzmat edip, saýlawy geçirmäge gatnaşmaly. Şeýle-de, bu mugallymlar ses bermäge gelen adamlaryň saýlaw býulletenini alandygy barada hem bellik edýärler.

“Häzirki wagtda saýlaw uçastogy döredilmeli edilen mekdeplerde saýlaw güni saýlawçylara hyzmat etjek mugallymlaryň sanawy düzüldi. Bu mugallymlar bilen geljek hepdäniň başyndan mekdepdäki iş günleri tamamlanandan soňra, ýörite metodiki sapaklar geçiriler. Olam olaryň öz işleýän ýerinde däl-de, etrapda döredilen ýerde geçiriler. Şonda saýlaw güni özüňi nähili alyp barmaly, ses bermäge gelen saýlawçy bilen nähili gepleşmeli hem-de irden saýlaw başlanandan tä saýlaw gutarýança şol ýerde oturmalydygy hakynda ýörite metodiki sapaklar geçiriljek” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Üçünji topardaky çärelere gatnaşýan mugallymlar saýlaw uçastoklary döredilen mekdeplerde saýlaw döwri nobatçylyk edip, düzgün-tertibe gözegçilik etmeli.

Synçy Amanmyrat Bugaýew ýokarda agzalan wezipe-borçlaryň mugallymlardan mundan ozalky saýlawlarda hem talap edilýändigini aýdýar.

Kandidatlaryň agitasiýa kampaniýalaryny göze ilmeýär

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary döwletiň iň ýokary wezipesi ugrunda bäsleşmek üçin dokuz kandidatyň hasaba alnandygyny mälim etdi. Olaryň arasynda Ýurduň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa hem-de “raýatlaryň inisiatiw toparlary tarapyndan hödürlenen” kandidatlar bar.

Şol bir wagtda, ýerli synçylar saýlawlara bäş hepdeden hem az wagt galandygyna garamazdan, kandidatlaryň raýatlar bilen duşuşyklarynyň, ýerli mediada agitasiýa kampaniýalarynyň göze ilmeýändigini aýdýarlar.

Munuň üstesine, kandidatlar iş başyndaky prezidentiň syýasatyny tankyt edip, ondan tapawutlylykda nähili anyk iş etjekdiklerini hem aýdyp çykyş etmeýärler.

Türkmenistanyň täze, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda düzediş girizilen Konstitusiýasy esasynda, ýurduň prezidenti ýedi ýyl möhlet bilen saýlanýar.

Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we erkin diýlip ykrar edilen ýekeje saýlaw hem geçirilmedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG