Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Rafsanjani jaýlandy


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameniýi (ortada) Rafsanjaniniň tabydynyň başyda doga okady.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameniýi (ortada) Rafsanjaniniň tabydynyň başyda doga okady.

Tähranda Eýranyň öňki prezidenti Ali Akbar Haşemi Rafsanjanini jaýlaýyş çäresi geçirildi.

Ýüz müňlerçe eýranly jynaza namazynyň okalan ýeri bolan Tähran uniwersitetiniň töweregindäki köçelere ýygnandylar.

Rafsanjaniniň “Behişt-e Zahra” gonamçylygynda jaýlanan güni bolan 10-njy ýanwar resmi taýdan milli dynç alyş güni diýip yglan edildi.

1989-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli Eýranyň prezidenti bolup işlän Rafsanjani 8-nji ýanwarda 82 ýaşynda aradan çykdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameniýi Rafsanjaniniň tabydynyň başyda doga okady. Ýurduň döwlet telewideniýesi Hameneýiniň reformaçy hasaplanan Rafsanjani bilen bolan garaýyş “tapawutlaryna” garamazdan, matam çäresine gatnaşandygyny habar berdi

Matam çäresine ýokary derejeli döwlet işgärleri bilen birlikde prezident Hassan Rohani we kazyýet häkimiýetiniň başlygy Aýatollah Sadeg Larijani - parlamentiň başlygy Ali Larijaniniň dogany dagy gatnaşdylar.

Çärä gatnaşanlaryň ýene biri Yslam rewolýusiýanyň sakçylary korpusynyň daşary ýurt operesiýalaryna ýolbaşçylyk edýän general-maýor Gasem Suleýmani.

Paýtagtyň köçeleri gara baýdaklar we Rafsanjaniniň suratlary bilen bezeldi, jemgyýetçilik transporty mugt edildi.

Sosial ulgamda ýerleşdirilen käbir wideolarda matama gatnaşanlaryň Rafsanjaniniň syýasy ýarany bolan we ýurduň häzirki ýolbaşçylary tarapyndan çetleşdirilen öňki prezident Mohammad Hatemini, şeýle hem reformaçy lider Hoseýn Musewini goldap gygyrandygy görünýär.

2009-njy ýylda geçen jedelli prezident saýlawynda ýeňlişe uçran we ikisi-de reformaçy bolan Musewi bilen Mehdi Karubi saýlawdan soňra turan protestlerde oýanan rollary sebäpli 2011-nji ýyldan bäri öý tussaglygynda saklanýar.

9-njy ýanwarda amerikan prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy bir beýannama çykaryp, Rafsanjanini “Eýran yslam respublikasynyň tutuş taryhynda görnükli şahsyýet” diýip atlandyryp, onuň maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

Rafsanjani ýurduň 1979-njy ýylda bolan yslam rewolýusiýasynyň atasy Aýatollah Ruhollah Homeýniniň mawzoleýinde topraga berildi.

XS
SM
MD
LG