Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hoşlaşyk çykyşyny etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Çikago, 10-njy ýanwar, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 10-njy ýanwarda eden hoşlaşyk çykyşynda öňküsinden has güýçli ýurduň başyndan çekilýändigini aýtdy. Emma Obama amerikanlaryň ýurduň bütewüligine we häkimiýetine wehim salýan çuňňür bölünişigiň öňüni almak ugrunda işleşmelidigini belledi.

Obama öz öňegidişliklerini agzap, Eýran bilen ýadro ylalaşygyny, Kubanyň açylmagyny we Amerikan ykdysadyýetiniň dikelmegini makullady, şeýle-de häkimiýet başyndaky sekiz ýylyň dowamynda öz tarapdarlarynyň pikir edişinden has köp iş edendigini aýtdy.

“Ähli tarapdan diýen ýaly, Amerika biziň başlan wagtymyzdakydan has gowy we güýçli ýerde. Biz iň baý, iň güýçli we iň sylanýan halk bolup galýarys” diýip, Obama aýtdy.

Obama immigrantlaryň ret edilmeginiň barha güýçlenmegini howp hökmünde belledi we ýurduň ilkibaşda immigrantlar ýurdy hökmünde döräp, esasy ykdysady hem medeni kuwwatynda ýurduň çäginde jynslaryň hem halklaryň aralaşmagyna daýanandygyny nygtady.

20-nji ýanwarda ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Doland Tramp döwlet başyna geçer.

XS
SM
MD
LG