Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Döwlet sekretary wezipesine teklip edilen syýasatçy Orsýete üns berilmeli diýýär


Döwlet sekretary wezipesine teklip edilýän Reks Tillerson, 2016.

Döwlet sekretary wezipesine teklip edilýän Reks Tillerson, 2016.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň döwlet sekretary wezipesine teklip edýän syýasatçysy Reks Tillersonyň 11-nji ýanwarda etjek çykyşynda Orsýetiň dünýädäki hereketlerine aladalanma bildirmegine garaşylýar. Tillerson NATO-nyň aýaga galýan Moskwandan howatyrlanmalydygyny aýdýar.

Tillersonyň Senatdaky tassyklaýjy diňlenişikde etjek çykyşynyň Trampyň geçiş hökümeti tarapyndan ýaýradan tekstine görä, ol Trampyň Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyk saklamak niýeti barada düşündiriş berer.

"Biziň NATO-daky ýaranlarymyzyň aýaga galýan Orsýet babatyndaky howatyrlanmalary esasly”, diýip Tillerson aýdar we Obamanyň administrasiýasyny tankyt edip, “bu gapynyň açyk galmagyna we niýetlenilmedik signallaryň gowuşmagyna Amerikada häkimiýetiň bolmandygy sebäp boldy” diýip etjek çykyşynda bellär.

XS
SM
MD
LG