Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan GPS sistemasy üçin töleg girizdi


Aşgabat-Balkanabad uly ýoly
Aşgabat-Balkanabad uly ýoly

Orsýetiň Astrahan regionynyň Halkara we daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça ministrligi 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň gümrük organlarynyň GPS programmasy arkaly awtoulaglaryň ýerleşýän ýerini anyklamak boýunça sistemanyň girizilýändigini regionyň halkara transport edaralaryny habarly etdi, diýip transport aragatnaşygy boýunça LOGIRUS neşri habar berdi.

Maglumata görä, Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän ähli transport serişdelerinde GPS programmasy ulanylar.

Neşriň “Kaspiko” atly regional transport kompaniýasynyň müdiri Wiktor Alymowa salgylanyp habar bermegine görä, awtoulaglaryň ýerleşýän ýerini anyklamak boýunça global sistemasynyň ulanylmagy üçin 10 amerikan dollary möçberinde töleg girizlýär. Daşary ýurtly awtoulaglardan bu tölegiň dollarda alynjagy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG