Sepleriň elýeterliligi

Döwlet özbaşyna balyk tutýanlary 'tutýar'


Mary ýolunda balyk satýan aýallar

Türkmen mediasy ýurtda döwlet balyk senagatynyň giň gerim bilen ösdürilýändigini habar berýär, şol bir wagtda özbaşyna balyk tutýanlaryň örüsiniň daraldylýandygy, ozal hemmelere elýeterli bolan kölleriň we derýalaryň hem döwlet monopoliýasynyň çägine salynýandygy barada habarlar gowuşýar.

Türkmenistanyň Balykçylyk baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatyna görä, 2016-njy ýylyň on aýynda Hazar deňzinden tutulýan balyklaryň möçberi 20 esse köpelen bolsa, geçen ýylyň 11 aýynda öndürilen balyk önümleriniň möçberi 22,6 prosent ösüpdir.

Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler guramasy tarapyndan gurlantoplumda bekre balyklarynyň, gara işbiliň we beýleki balyk önümleriniň giň gerimde öndürilýändigi aýdylýar. Has anygy, bu toplumyň ýylda 100 tonna harytlyk bekre balygyny, 2 tonna bekre işbilini, 170 tonna kakadylan we beýleki balyk önümlerini, 10 million gap balyk konserwasyny öndürýändigi aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, 2015-nji ýylda Ahal balyk döwlet kärhanasynyň 1100 gektarlyk suw howdanlarynda 840 tonna balyk ösdürip ýetişdirmek planlaşdyryldy.Bu plan esasynda,ýurduň suw howdanlarynyň ählisinibalyk bilen üpjün etmek üçin, 2015-nji ýylyň ýazynda Ak bugdaý etrabyndaky balyk hojalygynda zagara, uçar, tüňňimaňlaý ýaly ýaş balyklaryň 2 million 440 müň sanysynyň ösdürilip ýetişdirilendigi habar berildi.

Emma Azatlygyň çeşmeleri paýtagt Aşgabatda bu diýilýän balyk bolçulygynyň duýulmaýandygyny, balyk bahalarynyň bolsa, gymmatlamasa, arzanlamaýandygyny, balygyň gara bazarynyň bolsa, ýyl-ýyldan güýçlenýändigini aýdýarlar.

Resmi bolmadyk sanlara görä, bir million çemesi ilat ýaşaýan Aşgabatda ýörite balyk dükanlarynyň juda azdygy, şu sebäpli Marydan we beýleki ýerlerden maşynly getirilip, köçelere aýlanyp satylýan balyklaryň hyrydarynyň kändigi habar berilýär.

Aşgabat, balygyň "teker bazary", 2014

Aşgabat, balygyň "teker bazary", 2014

Şonuň bilen bir wagtda, uly möçberde maýa goýberilýän döwlet balyk senagatyndan tapawutlylykda,ýurtda hususy balykçylaryň barha örüsiniň daraldylýandygy hakynda howsalaly habarlar gelýär.

Mysal üçin, Ahaldaky ynamdar çeşmäniň maglumatyna görä, Gurtly kölüne, Gökdepedäki suw howdanyna we has ownuk kölçelere hem, indiwidual balykçylar barmaz ýaly, germewler goýlupdyr. Bu ýerleriň hemmesi polisiýa we balyk hojalygynyň goragçylary tarapyndan berk goralýar we hatda eli çeňňekli balyk tutmaga baran iki-eke balykçy hem tutulyp, elindäki çeňňegi alynýar diýip, ynamdar çeşme 10-njy ýanwarda Aşgabatdan habar berdi.

Mundan öň Türkmenistanda Hazar deňzinden bikanun tutulyp, Aşgabatda we beýleki şäherlere bikanun satylýan balyk önümlerine garşy «göreş» alnyp barylýardy. Şol bir wagtda hususy balykçylyk Türkmenistanda öňden gelýän zat we deňiz, derýa boýlarynda, emeli suw howdanlarynyň we tebigy kölleriňgolaýynda ýaşaýan adamlar balyk tutmaga diňe täze balyk etini iýmek üçin däl, dynç almak üçin hem, ýekelikde-de, üýşüp hem gidýärler.

Ýerli çeşmäniň habaryna görä, 1990-njy ýyllarda, işsizlik köpelip, gün-güzeran kynlaşyp başlanda, indiwidual balykçylyk aşgabatlylaryň saçagynyň bir daýanjyna öwrüldi. Sebäbi, işsiz we maşgala eklemek üçin başga hiç çykalga tapmadyk adamlar, bolmanda her gün balyk tutmaga gidip bilýärdiler.

Ýöne soňra, balykçylygy ösdürmek barada edilýän döwlet aladalarynyň çäginde, hususy balykçylaryň balyk tutmagyna barha we barha kän çäklendirme girizilip başlandy.

Aýdaly, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysynyň 2013-nji ýylda beren maglumatyna görä, Lebapdaky emeli hem tebigy suw howdanlarda, balyklaryň köpelmegi üçin, balyk tutmaga bäş ýyllyk gadaganlyk girizildi.

Şeýle çäklendirmeler beýleki ýerlerde hem girizildi. Ýöne bu gadaganlyk «Türkmenbalyk» döwlet konserniniň balyk tutýan brigadalaryna degişli däl, olar suw howdanlarynyň we kölleriň ählisinde, tor ulanmak arkaly, aldygyna balyk tutýarlar diýip, ynamdar çeşme habar berýär.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda soňky ýyllar Daşoguzdaky Sarygamyş kölünden hem, döwlet plany esasynda, balyk tutulýandygy, zeý suwlary, zäherli suw esasynda döredilen «Altyn asyr» kölünde hem balygyň köpeldilýändigi aýdylýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Sarygamyş kölündäki balyklar sowet ýyllarynda iýmäge ýaramsyz hasaplanardy we ol ýerden balyk tutmak gadagandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG