Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Obama ‘masgaralaýjy’ maglumatlar barada habarly edildi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti saýlanan Donald Tramp.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti saýlanan Donald Tramp.

Britan mediasynyň 10-njy ýanwarda habar bermegine görä, Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosy (FBI) Orsýetiň aňtaw gulluklarynyň prezident saýlanan Donald Trampyň şahsy we maliýe ýagdaýy barada onuň garşysyna ulanylmagy mümkin maglumatlara eýedigi hakda öten hepde prezident Barak Obamany, şeýle hem Trampyň özüni habarly edipdir.

Habarlarda FBI-yň entek dogrudygy tassyklanmadyk, ýöne Obama we Trampa berlen maglumatlara goşmaga ýeterlik ynamdar hasaplanan zatlary tapandygy aýdylýar.

Tramp bu aýdylanlary “syýasy jadygöýiň awuna çykmak” diýip, ret etdi.

11-nji ýanwarda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow Moskwada žurnalistlere “Kremliň elinde Trampy abraýdan düşürjek zat ýok”, bar diýilýän gürrüňler “boş hyýallar” diýdi.

“CNN” telekanalynyň bildirmegine görä, bu aýdylýanlar Orsýetiň Amerikanyň 2016-njy ýyl saýlawyna garyşandygy barada taýýarlanan maglumata goşulan iki sahypadan ybarat konspekt. Bu goşmaça aşa möhüm hasaplanany üçin ol öten hepde diňe Obama, Trampa we Kongresiň sekiz liderine ýetirilipdir.

“Tassyklanan zat ýok”

Tramp muňa Twitterde: “Galp habar – bütinleý syýasy jadygöýiň awuna çykylmagy” diýip jogap berdi.

Onuň sözçüsi Kellyanne Konwaý “NBC” telewideniýesine beren maglumatynda raportda “tassyklanan zat ýok” diýdi.

“Hemmesi ady berilmedik, aýdylmadyk çeşmeler” diýip, Konwaý aýtdy.

11-nji ýanwarda Tramp saýlanan prezident hökmünde özüniň ilkinji metbugat ýygnagyny geçirmekçi. Bu ýygnakda onuň 20-nji ýanwarda wezipe başyna geleninden soňra söwda işlerinden çekilmegi baradaky planlary hakda maglumat bermegine garaşylýar.

Tramp baradaky gürrüňleri taýýarlan Britaniýanyň “MI6” aňtaw gullugynyň öňki işgärleriniň biri.

“CNN” telekanaly berlen bu maglumatlardan habarly adamlara salgylanyp, onuň öňki işleriniň Amerikanyň aňtaw resmileri tarapyndan ynamdar hasaplanýandygyny aýdýar. Bu işgär 1990-njy ýyllarda Orsýetde iş alyp barypdyr. Indi hem özüniň hususy aňtaw kompaniýasy bar.

Bu işgäriň alyp baran barlaglaryny başlangyçda maliýeleşdiren Trampyň respublikan bäsdeşlerini goldan toparlar we donorlar bolupdyr. Tramp respublikanlaryň kandidaty bolandan soňra bu ulgamy Demokratik partiýanyň kandidaty Hillari Klintony goldaýanlar we onuň donorlary maliýeleşdiripdir.

Raportda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy FSB-niň Trampyň Moskwada eden işleri arkaly oňa basyş edendigi aýdylýar.

Jelep aýallar bilen jynsy gatnaşyklar

Onda Tramp 2013-njy ýylda Moskwa eden saparynda onuň jelep aýallar bilen jynsy gatnaşykda bolandygyny görkezýän wideolaryň gürrüňi edilýär.

Raportda şeýle hem saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Trampyň ýakyn adamlary bilen Orsýetiň hökümet işgärleriniň kadaly gatnaşykda bolandygy aýdylyp, Putiniň hökümetiniň emläk söwdasyny barlamak ýa-da gözellik ýaryşyna gözegçilik etmek üçin gaýta-gaýta Moskwa baran Trampa täsir etmegiň ýollaryny ençeme ýyllap agtaryp gezendigi çaklanýar.

Bu aýdylýanlar barada FSB ýa Kreml tarapyndan berlen beýanat entek ýok. 4 gün mundan ozal hem Amerikanyň aňtaw gulluklary prezidentlik saýlawyna täsir edip, Trampa kömek etmek maksady bilen ýola goýlan kiber hüjümleri Putiniň tabşyrygy boýunça bolupdyr diýen netijä gelendiklerini aýdypdylar.

FSB-niň öňki direktorlarynyň biri bolan Orsýetiň döwlet Dumasynyň deputaty Nikolaý Kowalýow, Trampy abraýdan düşürjek material ýok diýýär.

“Gözellik bu ýere ýaryşyny gurnamaga gelen adamy abraýdan düşürjek materiallar kimi gyzyklandyrýar” diýip, Kowalýow “Interfaks” habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Geçmişde Orsýetde jynsy gatnaşyklary öz içine alýan wideolar resmilere ýa-da syýasatçylara basyş etmek üçin ýaýradylýardy.

XS
SM
MD
LG