Sepleriň elýeterliligi

Tramp ‘masgaralaýjy’ maglumatlary ‘galp habar’ diýip atlandyrdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti saýlanan Donald Tramp.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti saýlanan Donald Tramp.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti saýlanan Donald Tramp Russiýa tarapyndan ýygnalan masgaralaýjy maglumatlary özünde jemleýändigi aýdylýan raporty “näsag adamlar” tarapyndan toslanyp tapylan “galp habar” we “galp maglumat” diýip atlandyrdy.

Tramp bu barada 11-nji ýanwarda Manhattandaky ofisinde geçiren metbugat konferensiýasynyň çäginde çykyş etdi. Onuň Nýu-Ýork şäherindäki bu çykyşy Russiýanyň Birleşen Ştatlaryň prezident saýlawlaryna täsir etmek ugrunda rolunyň bar bolmagynyň ähtimaldygy dogrusynda bolan ençeme wakanyň yz ýanyna gabat geldi.

10-njy ýanwarda media serişdelerinde Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň geçen hepde prezident Barak Obama ugradan maglumatynda Donald Trampyň şahsy we maliýe ýagdaýy barada onuň garşysyna ulanylmagy mümkin informasiýalaryň bardygy habar berildi.

Moskwa bilen has gowy gatnaşyklary saklamagy wada beren Tramp bu maglumatlary ret edip, 11-nji ýanwarda irden Twitter sosial ulgamynda ençeme twit, maglumat paýlaşdy.

“Galp habar - syýasy jadygöýiň awuna çykmak” diýip, Tramp öz twitinde ýazdy.

“Russiýa hiç haçan meniň üstümden basyş etmäge synanyşmady. Meniň Russiýa bilen hiç hili arabaglanyşygym, hiç hili ylalaşygym, hiç hili kreditim, hiç zadym ýok” diýip, Tramp belledi.

Tampyň noýabr aýyndaky prezident saýlawlarynda gazanan üstünligine, Birleşen Ştatlaryň syýasy partiýa serwerlerine we e-meýllerine Russiýanyň hökümeti tarapyndan goldanylýan hakerleriň aralaşandygy barada ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň gelen netijesi kölege saldy.

Tramp käbir haker hüjümleriniň amala aşyrylandygyny boýun aldy, emma munuň saýlaw netijelerine täsir ýetirendigini ret etdi.

"Jogapkärçilik däl-de, üstünlik"

Şeýle-de, Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gowy gatnaşyklarynyň bolup-bolmajakdygyny bilmeýändigini aýtdy. Emma şol bir wagtda, ol gowy gatnaşyklaryň “üstünlikdigini” hem belledi.

“Eger Putin Dondal Trampy halan bolsa, onda men muny jogapkärçilik däl-de, üstünlik diýip hasaplaýaryn. Sebäbi biziň Russiýa bilen aýylganç gatnaşyklarymyz bar” diýip, Tramp nygtady.

Bu metbugat konferensiýasy Trampyň geçen ýylyň iýul aýyndan bäri geçirýän şuňa meňzeş ilkinji duşuşygydyr we bu onuň 20-nji ýanwarda resmi derejede öz wezipesine girişmezden ozal iň soňky duşuşygy boljaga meňzeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG