Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Aziýa oýunlaryna akkreditasiýanyň tertibini tassyklady


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

Türkmenistanda şu ýyl geçiriljek Aziýa oýunlaryna akkreditasiýa eýe bolmagyň tertibi tassyklady, diýip Türkmenistanyň media serişdeleri habar berdiler.

Resmi maglumata görä, prezidentiniň kararyna Türkmenistanyň “2017-nji ýylda ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunça bäşinji Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek baradaky” kanunyna laýyklykda gol çekilipdir.

Dokument sport çäresiniň geçiriljek wagtynda akkreditasiýa boýunça dokumentleriň taýýarlanmagynyň we berilmegini tertibini, şeýle-de onuň nusgasynyň görnüşini kesgitleýär, diýlip habar berilýär.

Ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň bäşinji Aziýa oýunlary 17-nji we 27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Şu ýylyň başyndan türkmen resmileri bu halkara sport çäresine görülýän taýýarlyklara bat berdiler, ýakyn günlerde aziýa oýunlarynyň resmi nyşany simwoly hem kesgitlendi.

XS
SM
MD
LG