Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda türk uçarynyň gaçmagy netijesinde 37 adam öldi


Türk uçarynyň gaçan sebitiniň ýaşaýjylary. 16-njy ýanwar, 2017 ý.
Türk uçarynyň gaçan sebitiniň ýaşaýjylary. 16-njy ýanwar, 2017 ý.

Türkiýäniň bir ýük uçary Gyrgyzystanyň Manas aeroportynyň golaýyndaky obada 16-njy ýanwarda ir bilen ýykylyp, azyndan 37 adam öldi diýip, Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi habar berdi.

Ölenleriň aglabasy uçaryň ýerli wagt bilen sagat 7:31 töweregi heläkçilige uçrap ýykylan ýeri bolan Daça-Suu obasynyň ýaşaýjylarydyr. Mundan başga-da köp adamlaryň ýaralanandygy aýdylýar.

Mininstrligiň bildirmegine görä, ölenleriň azyndan dördüsi uçaryň ekipaž agzalary. Bir pilotyň jesedi entek tapylanok.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugy prezident Almazbek Atambaýewiň 17-nji ýanwary heläkçilikde ölenleriň hatyrasyna milli ýas güni diýip ygalan edendigini habar berdi.

Heläkçiligiň bolan ýerinden alnan suratlarda “Boeing 747” kysymly uçaryň öň tarapynyň paýtagt Bişkegiň golaýynda ýerleşýän obada bir kerpiç jaýa urup girendigi görünýär.

Gyrgyz hökümetiniň sözçüsi Tolganaý Stamaliýewa Hong Kongdan Stamabula barýan uçaryň halkara Manas aeroportynda ýangyç almak üçin gonmaga synanyşanda 20 çemesi jaýa zyýan ýetirendigini aýtdy.

Gyrgyzystanda türk uçary heläkçilige uçrady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:43 0:00

Ýerli ýaşaýjylarň biriniň “AFP” habar gullugyna aýtmagyna görä, adamlar uklap ýatyrka uçar “göni jaýlaryň üstüne” gaçypdyr.

“Meniň aýal doganymyň jaýyna gaty köp zyýan ýeti. Bagtymyza, onuň özüne we magala agzalaryna bolan zat ýok” diýip, Zumriýat Rezahanowa habar gullugyna aýtdy.

Uçaryň heläkçilige uçramagyna näme zadyň sebäp bolandygy entek belli däl. Ýöne aeroporty dolandyryjylaryň bellemegine görä, heläkçiligiň ýüz beren mahaly howa ümürli bolup, töweregi görmek aňsat bolmandyr.

Gyrgyz prokurorlary derňew işlerini ýola goýandyklaryny aýtdylar.

Premýer-ministriň orunbasary Muhammatkaly Abulgazyýew halas ediş işlerine müňden agdyk adamlyň gatnaşandygyny aýtdy.

Uçar Stambulda ýerleşýän ýük kompaniýasy “ACT” howa ýollaryna degişli.

Kompaniýanyň beýanatynda uçaryň Bişkekde gonjak bolanynda näbelli sebäplere görä heläkçilige uçrandygy aýdylýar.

Türkiýäniň daşary işler ministriliginiň bildirmegine görä, ministr Mewlut Çawuşogly gyrgyz kärdeşi Erlan Abdildaýewe jaň edip, gynanç bildiripdir.

XS
SM
MD
LG